Zamananyň opera ýyldyzlary Dimaş Kudaýbergen bilen meşhur “My Way” aýdymyny ýazdy

  • 06.02.2025 09:43
  • 1.9k+

Dünýä belli tenorlar Plasido Domingo we Hose Karreras, meşhur gazagystanly aýdymçy Dimaş Kudaýbergen we wiolonçel çalýan Stepan Hauzer “Virtuosos” taslamasynyň çäklerinde özboluşly kwarteti emele getirdi. Olar bilelikde XX asyryň iň meşhur aýdymlarynyň biri bolan “My Way” aýdymyny ýazdy diýip, DimashNews habar berýär.  

Ilkinji gezek 1969-njy ýylda Frenk Sinatra tarapyndan ýerine ýetirilen bu aýdym dünýäniň aýdym-saz sungatynyň taryhyna girip, Klod Fransua, Elwis Presli, Mireý Matýo, Muslim Magomaýew we Robbi Uilýams ýaly artistleriň repertuaryna goşuldy.
Çykyşyň ýazgysy 2025-nji ýylyň ýazynda Duna TV teleýaýlymynda görkeziler, programmanyň bölümleri bolsa 25-nji aprelden ýaýlyma berler.
Tomaşaçylar üçin ýene bir täzelik Stepan Hauzer bilen Dimaş Kudaýbergeniň dueti bolar. Olar Igor Krutoýyň kobyz we wiolonçeliň ulanylmagy bilen baýlaşdyrylan “Stranger” aýdymyny ýerine ýetirer.
Öň, Hauzer bilen Kudaýbergen Singapurda geçirilen “Virtuosos” haýyr-sahawat konsertinde bilelikde çykyş edip, “Ave Maria” we “Sos d’un terrien en détresse” duetlerini hödürläpdi.


06.06.2026 10:03
17k+

Hazar deňzine 2,5 ýylyň dowamynda 35 milliard kubmetrden gowrak suw gönükdirildi

Soňky iki ýarym ýylyň dowamynda Hazar deňzine jemi 35 milliard kubmetrden gowrak suw gönükdirildi. Bu barada Gazagystanyň Suw serişdeleri we suwaryş ministri Nuržan Nuržigitowa salgylanýan Zakon.kz portaly......

28.05.2026 17:06
4.3k+

Ýaponiýa we Gazagystandaky BMGÖM Kaspi deňzi üçin 3 million dollar sarp edýär

Ýaponiýanyň Hökümeti we BMG-niň Ösüş Maksatnamasy (BMGÖM) Gazagystanda Kaspi deňziniň suwunyň derejesiniň peselmegine garşy çärelere gönükdirilen 3 million dollar gymmatyndaky täze taslama badalga berýärler....

27.05.2026 14:35
6k+

Gazagystan sebitde ilkinji bolup, emeli ýagyn tehnologiýasyny ulandy

Gazagystanyň Türküstan şäherinde emeli usul bilen ýagyn mukdaryny köpeltmek taslamasynyň açylyş dabarasy boldy. Şeýlelikde Gazagystan sebitde emeli ýagyn tehnologiýasyny iş ýüzünde ulanyp başlan ilkinji ýurt......

23.05.2026 19:54
2.8k+

Minsk we Karaganda GDA-nyň Ýaşlar paýtagty bolar

GDA-nyň Ýerine ýetiriji komiteti öňümizdäki iki ýyl üçin Arkalaşygyň Ýaşlar paýtagtlaryny kesgitledi. Bu dereje 2027-nji ýylda Minsk şäherine (Belarusuň paýtagty), 2028-nji ýylda bolsa Karaganda şäherine......