Şu ýyl Hytaýda ikinji derejeli awtopilotly 15 million ulag ýola çykarylar. Ikinji derejeli awtopilot näme?

  • 05.02.2025 15:34
  • 5.8k+

Geçen ýylda Hytaýda gibrid we elektrikli awtoulaglary hem hasaba almak bilen, jemi 22,9 million ýeňil awtoulag öndürildi. Şu ýyl bolsa SAE klassifikasiýasyna laýyklykda, sürüjä ikinji derejeli awtonom kömek ulgamyny hödürleýän takmynan 15 million awtoulag ýola çykarylar diýip, South China Morning Post neşiri habar berýär.

Ikinji derejeli awtonomlyk, ulaga käbir hereketleri awtomatiki ýerine ýetirmäge mümkinçilik berýär. Awtoulag tizligini artdyryp, peseldip, ýönekeýje manýowrlary ýerine ýetirip bilýär, ýöne sürüji ruly eli bilen saklamaly we ýola gözegçilik etmeli bolýar.
China EV100 senagat birleşiginiň wekilleriniň aýtmagyna görä, şu ýyl Hytaýda satyljak ýeňil awtoulaglaryň üçden ikisi ikinji derejeli awtopilot bilen üpjün ediler. Şeýle funksiýaly awtoulaglaryň elýeterli bolmagy, ýerli öndürijiler üçin müşderileri özüne çekmegiň täze usulyna öwrüler.
SAE klassifikasiýasyna görä, üçünji derejeli awtonomlyk sürüjä ruly doly goýbermäge mümkinçilik berýär. Dördünji dereje bolsa sürüjiniň yzygiderli ýol gözegçiligini talap etmeýär, ýöne zerur ýagdaýda dolandyryşy yzyna almak mümkinçiligi saklanýar. Bäşinji derejeli awtonomlyk bolsa, sürüjini adaty dolandyryşdan mahrum edýär we ulag ähli zady awtomatiki amala aşyrýar. Umuman alanyňda sürüji ýolagça öwrülýär.
Käbir çaklamalara görä, diňe ýük ulaglarynyň awtopilot ulgamyna geçmegi bilen, Hytaýda 2030-njy ýyla çenli sürüjilere tölenýän zähmet haklary boýunça her ýyl 250 milliard dollar tygşytlamak mümkin bolar. Netijede, logistika kompaniýalary ýük daşamak boýunça çykdajylaryny has-da azaldyp bilerler, bu bolsa Hytaýyň ykdysadyýetine oňyn täsir eder.


şu gün 08:16
2.1k+

Toyota ekranlardaky näsazlyk sebäpli Hytaýda 9 müňden gowrak Land Cruiser Prado ulagyny yzyna çagyrýar

«FAW-Toyota» bilelikdäki kärhanasy Hytaýda ýerli önümçilikdäki «Land Cruiser 250 (Prado)» wnedorožnikleri üçin yzyna çagyryş kampaniýasynyň başlanandygyny yglan etdi. Hytaýa import edilýän meňzeş platformaly......

16.06.2026 07:52
4.2k+

BYD ulagyň aşagyndaky haýwanlary kesgitleýän ulgamyň patentini aldy

BYD hytaý kompaniýasy ulagyň aşagyndaky haýwanlary ýüze çykarmaga ukyply ulgamyň patentini aldy. ITHome neşiriniň ýazmagyna görä, bu tehnologiýa hereket başlanmazdan ozal we simsiz zarýad beriş ulgamy ulanylan......

13.06.2026 09:36
3.6k+

Toyota-nyň Hytaýdaky satuwy üçden bir essä golaý azaldy

2026-njy ýylyň maý aýynyň jemleri boýunça "Toyota-nyň" Hytaýdaky satuwy 102,3 müň ulaga deň boldy, bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 31,7% azdyr....

21.05.2026 11:31
6.2k+

Kaşaň hytaý sedany Rolls-Royce-yň ýarty bahasy bilen oňa bäsdeşlik eder

Huawei we JAC kompaniýalaryna degişli bolan Maextro brendi özüniň flagman sedanynyň hakyky altyn çaýylan we ýörite dizaýnly Maextro S800 Grand Design atly aýratyn görnüşini tanyşdyrdy....