Gonkongyň ýaşaýjysy jekpot utdy: $25 mln

  • 05.02.2025 14:15
  • 6.5k+

Gonkongda Aý senenamasy boýunça Ýylan ýylynyň gelmegine bagyşlanan Täze ýyl Mark Six lotereýa oýnunda rekord utuş barada yglan edildi. Şowly bilet eýesine 193 762 620 Gonkong dollaryny (takmynan, 25 mln ABŞ dollary) getirdi diýip, South China Morning Post habar berýär.

Lotereýa Gonkongyň Žokeý kluby tarapyndan geçirilýär. Jekpot almak üçin 49 sandan 6 sany bilmeli. Bu gezek utuşly belgiler 14, 18, 30, 36, 40 we 42 boldy.
Rekord baýragyň eýesiniň ady aýan edilmeýär.
Ikinji orny 6 sandan 5 sany bilen 12 bilet eýeleri eýeledi. Olaryň her biri 1 215 620 Gonkong dollaryny aldy (150 müň dollardan gowrak).
Bir biletiň bahasy 10 Gonkong dollaryna barabar. Bellenilişi ýaly, Aý senenamasy boýunça Täze ýylynyň öňüsyrasynda biletlere bolan isleg rekord boldy. Umumy bilet bahasy 380 mln Gonkong dollaryna ýetdi. Olardan 54%-i baýrak gaznasyna, 25%-i salgyt töleglerine, 15%-i haýyr-sahawata gönükdirildi, 6%-i bolsa guramaçylar üçin komissiýa hökmünde saklanyp galyndy.


düýn 11:17
4.3k+

Hytaýda Min nesilşalygynyň synmagy Filippinlerdäki tebigy betbagtçylyk bilen baglanyşdyryldy

Filippinlerde 1640-njy ýylda bolup geçen Parker wulkanynyň atylmagy Hytaýda Min nesilşalygynyň synmagyna täsir eden esasy şertleriň biri bolup biler. Bern uniwersitetiniň Taryh institutynyň gözlegçisi Riçard......

düýn 10:28
1.2k+

Mejlisde Hytaýyň ilçisi bilen duşuşyk geçirildi

Türkmenistanyň Mejlisinde milli Parlamentiň wekilleriniň Hytaý Halk Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi bilen duşuşygy boldy. Bu barada Mejlisiň metbugat gullugy habar berýär....

11.06.2026 14:01
8.4k+

Türkmenistanyň we Hytaýyň alymlary Garagum çölüne ekspedisiýa gurady

Türkmenistanyň we Hytaýyň alymlary Garagum çölünde bilelikdäki ylmy-gözleg ekspedisiýasyny geçirdi....

10.06.2026 08:04
10k+

Hytaýly raýat 32 gaty bolan binanyň 34-nji gatyndan öý satyn aldy

Hytaýyň Şensi welaýatynyň ýaşaýjysy ahyrynda binada bary-ýogy 32 gatyň bardygy belli bolandan soň, gurulýan binanyň 34-nji gatyndan satyn alan öýi üçin tölän serişdelerini kazyýet arkaly yzyna almaly boldy....