Halkara gatnaşyklary institutynda okatmagyň häzirki zaman usullaryna bagyşlanan halkara maslahat geçiriler

  • 05.02.2025 13:50
  • 3.1k+

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda 28-nji fewralda Aşgabat wagty bilen sagat 14:00-da «Dil hoşniýetli gatnaşyklaryň iň möhüm serişdesidir» atly halkara usuly-okuw maslahaty geçiriler. Institut ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlaryny maslahata gatnaşmaga çagyrýar.

Maslahat okatmagyň häzirki zaman usullaryny ulanmakda tejribe alyşmagy ýola goýmak maksady bilen geçirilýär.
Maslahat 
türkmen, iňlis, rus we nemes dillerinde garyşyk görnüşde geçiriler.
Halkara usuly-okuw maslahatynyň çäginde daşary ýurt dillerini öwrenmegiň ähmiýeti we olary okatmagyň işjeň hem innowasion usullarynyň ulanylyşyny bilelikde ara alyp maslahatlaşmak meýilleşdirilýär.
Maslahata gatnaşmaga isleg bildirýän mugallymlar 15-nji fewrala çenli hasaba alyş soragnamany we çykyşyny tdimddk@gmail.com elektron salgysy boýunça guramaçylyk toparyna ibermelidir. Soragnamany doldurmagyň nusgasy Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň saýtynda ýerleşdirilendir. Mugallymlar hasaba alnandyklary barada habary, şeýle hem çykyşlarynyň mowzuklary boýunça maglumatlary 23-nji fewrala çenli elektron poçta arkaly alarlar.
Goşmaça maglumat institutyň ýokarda görkezilen saýtynda, guramaçylyk toparynyň elektron poçtasy we +993 61201906 belgili telefon arkaly elýeterlidir.


01.06.2026 17:06
2.9k+

Türkmen wekiliýeti «Täjigistan-2026» forumyna gatnaşdy

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň wekilleri hem-de orta hünär tehniki mekdepleriň talyplary Täjigistan Respublikasynyň Hatlon oblastynyň Dangarinsk raýonynda 27—30-njy maý aralygynda geçirilen......

30.05.2026 17:05
9.1k+

Türkmen talyby Amangeldi Murzaýew “GDA-nyň iň gowy talyby” boldy

Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabynyň 53-nji orta mekdebiniň uçurymy, häzirki wagtda Gazagystanyň paýtagty Astanadaky Lew Nikolaýewiç Gumilýow adyndaky Ýewraziýa Milli uniwersitetiniň (ÝMU) 4-nji ýyl talyby......

25.05.2026 20:48
3.8k+

Aşgabatdaky sergide eMekdep ulgamynyň mümkinçilikleri tanyşdyryldy

Aşgabatda paýtagtyň 145 ýyllygyna bagyşlanyp, giň gerimde geçirilen «Ak şäherim Aşgabat — 2026» halkara sergisi binagärlik we şähergurluşyk ulgamynda gazanan üstünlikleri, bu ugurda alnyp barylýan geljegi uly......

21.05.2026 17:50
2.3k+

Türkmenistan we OpenAI bilim ulgamynda emeli aňy ornaşdyrmak barada maslahatlaşdy

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň wekilleri Londonda geçirilen «Education World Forum 2026» Bütindünýä bilim forumynyň çäginde OpenAI kompaniýasynyň wekilleri bilen iş duşuşygyny geçirdi. Taraplar bilim......