Apple 11-nji fewralda PowerBeats Pro 2 simsiz nauşniklerini tanyşdyrar

  • 04.02.2025 23:32
  • 4.7k+

Apple kompaniýasynyň golçur markasy Beats öň hem Powerbeats Pro 2 nauşnikleriniň şu ýyl hödürlenjekdigini tassyklapdy. Indi bolsa Bloomberg žurnalisti Mark Gurman PowerBeats Pro 2 nauşnikleriniň resmi taýdan 11-nji fewralda hödürlenjekdigini we olaryň bahasynyň 250 dollar boljakdygyny aýtdy diýip, MacRumors habar berýär.

PowerBeats Pro nauşnikleri sport bilen meşgullanýanlar we fitnes bilen gyzyklanýanlar üçin AirPods Pro-nyň alternatiwasy hökmünde hödürlener. Olaryň gurluşynda gulakda has ygtybarly saklanmagyny sazlaýan gulak çyzyklary (arkalyklary) bar. Gurmanyň maglumatlaryna görä, täze PowerBeats Pro 2 nauşnikleri AirPods Pro 2-de ulanylýan Apple H2 çipi bilen üpjün ediler. Bu bolsa 2019-njy ýylda çykarylan ilkinji modele garanyňda, täze modelde işjeň ses basyş funksiýasynyň ep-esli gowulandyrylandygyny aňladýar.
Öň hem habar berşimiz ýaly, PowerBeats Pro 2 türgenleşik wagtynda ýürek urşunyň ritmini yzarlamak ukybyna eýe bolar. iOS 18 operasion ulgamynyň kodlarynda bu nauşnikleriň dürli sport enjamlary bilen sinhronlaşyp biljekdigi görkezilýär. Bu aýratynlyk maşk wagtynda ýürek urgusyny ölçemäge mümkinçilik berer, ýygnalan maglumatlar bolsa iPhone-daky «Saglyk» (Health) programmasynda we beýleki goldanylýan hyzmatlarda elýeterli bolar.
Gurmanyň berýän maglumatlaryna görä, PowerBeats Pro 2 nauşnikleri täze reňk görnüşlerinde, şol sanda açyk mämişi (narynç) reňkde hem hödürlener. Mundan başga-da, ses hiliniň gowulandyrylandygy, batareýasynyň işleýiş wagtynyň artdyrylandygy, Android ulgamynda işeýän smartfonlar bilen baglanşygyň has-da optimallaşdyrylandygy we zarýad korpusynyň USB Type-C interfeýsi bilen üpjün edilendigi çaklanylýar.


şu gün 16:33
1.3k+

Tim Kuk Apple ulanyjylaryna ýüzlendi: «Elli ýyl ozal kiçijik bir garažda uly pikir dünýä indi…»

2026-njy ýylyň 1-nji aprelinde Apple kompaniýasynyň döredilenine 50 ýyl dolýar we kompaniýa bu sene mynasybetli birnäçe çäreleri hem-de uly tanyşdyryşlary taýýarlaýar. Apple-iň baş direktory Tim Kuk bu möhüm senäniň gelerine garaşyp durman, kompaniýanyň saýtynda Apple-iň enjamlaryndan we hyzmatlaryndan peýdalanýanlaryň ählisine gönükdirilen açyk haty çap etdi...

09.03.2026 19:31
1.1k+

Apple Music EA tarapyndan döredilen aýdym-saza bellik girizmäge başlar

Apple Music hyzmaty emeli aň arkaly döredilen kontente bellik goýmaga başlar. Bu barada NME neşiri habar berýär. Täze düzgünlere görä, distribýutorlar saz, tekst, klip ýa-da obložka döredilende emeli aňyň ulanylandygyny ýa-da ulanylmandygyny görkezmeli bolarlar...

02.03.2026 22:21
5.1k+

Apple arzan bahaly iPhone 17e modelini tanyşdyrdy: satuw 11-nji martda başlar

Apple kompaniýasy özüniň elýeterli smartfon hatarynyň täze modelini — iPhone 17e smartfonyny hödürledi. Täze model öňki iPhone 16e modeliniň dizaýnyny we ekranyň ölçegini saklap galdy. Hususan-da, smartfonda öňküsi ýaly ýokarsy gönüburç «oýukly» ekran ulanylýar...

27.02.2026 19:22
1.3k+

App Store dükanynda ulanyjylaryň ýaşyny tassyklaýan täze ulgamlar işe girizildi

Beýleki köp sanly iri kompaniýalaryň mysalyna eýerip, Apple dürli döwletleriň we sebitleriň kanunçylyk talaplaryna laýyk gelmek maksady bilen App Store dükanynda ulanyjynyň ýaşyny barlaýan ýörite gurallary işe girizdi...