6 ýyl bäri garaşylýan Powerbeats Pro 2 şu ýyl çykar: täze nauşnikler barada nämeler belli?

  • 17.01.2025 15:27
  • 6.1k+

Beats kompaniýasy Powerbeats Pro 2 nauşnikleriniň şu ýyl hödürlenjekdigini tassyklady. Apple kompaniýasynyň golçur markasy bolan Beats tarapyndan hödürlenjek täze nauşnikler owadan dizaýny we saglygy gözegçilikde saklamak boýunça täze funksiýalary bilen AirPods-a bäsdeş bolar diýip, MacRumors belleýär.

Bu model, takmynan, alty ýyl mundan ozal hödürlenen asyl görnüşiniň dowamydyr. Resmi tanyşdyrylyşdan öň, enjam ABŞ-nyň FCC we Hindistanyň BIS sertifikasiýasyndan geçdi. Model belgileri şulardyr: A3157, A3158 we A3160. Nauşnigiň çep we sag taraplarynyň aýratyn bellige alnandygy barada aýdylýar.
Powerbeats Pro 2, iOS we Android ulgamlaryny goldaýar. Täze model Bluetooth Low Energy tehnologiýasy bilen enjamlaşdyrylyp, ol 2400-2483,5 MGz aralygyndaky ýygylykda işleýär. Şeýle-de AirPods Pro 2-däki ýaly şol bir wagtda birnäçe enjama birikmek funksiýasy bu nauşniklerde ýokdur.
Ilkinji suratlara görä, nauşnikler inçe görnüşli, USB-C portly we gulaga berkidilýän halkajykly bolup, olar gara we ak reňkli görnüşlerde hödürlener.
Garaşylýan aýratynlyklaryň arasynda ýürek urgusyny ölçemek, işjeň sesi ýatyrmak (daşky sesleri ýatyrmak üçin ulanylýan tehnologiýa), giňişlikdäki ses (spatial audio) we aýdyňlyk režimi (transparency mode) bar.
Powerbeats Pro 2 nauşnikleri Wýetnamda ýasalýar, emma olar ABŞ-da işlenip düzülýär.

düýn 22:32
1.6k+

194 ýaşly pyşbaga Jonatan resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Ýerde ýaşaýan janly-jandarlaryň iň garrysy hasaplanýan Jonatan atly aldabra pyşbagasy resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň abraýly «ikona» statusyna eýe boldy....

düýn 22:30
1.7k+

Luwr talaňçylykdan soň çökgünligi başdan geçirýär: ýüzlerçe million ýewro gerek

Parižiň Luwr muzeýi geçen güýzde bolup geçen uly seslenme döreden talaňçylykdan soň çuňňur çökgünlik ýagdaýyny başdan geçirýär. Edaranyň ýolbaşçysy Kristof Leribo «Le Monde» neşirine beren interwýusynda......

düýn 22:13
2.1k+

Ýaponiýada doňdurma öndürijileriniň özara dildüwşügi derňelýär

Ýaponiýanyň Adalatly we dogruçyl söwda boýunça komissiýasy alty sany uly doňdurma öndürijisiniň bahalary emeli ýollar bilen düzgünleşdirmeginde şübhelenip, derňew işlerine başlady....

düýn 22:11
973

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......