Venado superkompýuteri we OpenAI-yň AI modelleri ABŞ-nyň milli howpsuzlyk gorag ulgamyna birleşdiriler

  • 04.02.2025 22:59
  • 2.3k+

ABŞ-daky Los-Alamos milli barlaghanasy (LANL) OpenAI bilen onuň modellerini Venado superkompýuterinde ulanmak barada şertnama baglaşdy. NVIDIA GH200 super tizlendirijileri bilen enjamlaşdyrylan täze ulgam milli howpsuzlyk ulgamynda barlaglary geçirmek we çylşyrymly ylmy meseleleri çözmek üçin ulanylar. 

Laboratoriýada häzirki zaman howplarynyň gitdigiçe çylşyrymlaşýandygyny we täze OpenAI modelleriniň, esasanam o1-yň, häzirki kynçylyklary ýeňip geçmäge kömek etjekdigini aýtdy. Venado goragly gizlin tora birikdiriler, bu LANL-yň alymlaryna onuň gorlaryny Liwermor we Sandiýa milli barlaghanalaryndaky kärdeşleri bilen bilelikde netijeli ulanmaga mümkinçilik berer. 
OpenAI we LANL öň AI-niň howpsuzlygyny we pikirleniş mümkinçiliklerini bahalandyrmakda hyzmatdaşlyk etdiler. Modeller indi energiýa ulgamynda, täze materiallary we kwant algoritmlerini işläp düzmekde ulanylýar. Geljekde olaryň ulanylmagy Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň ylmy mümkinçiliklerini giňelder we tehnologiki ösüş derejesini ýokarlandyrar.


14.06.2026 15:10
1.3k+

Google kompaniýasy ABŞ-nyň federal kwant maksatnamasyna gatnaşmakdan ýüz öwürdi

Google kompaniýasy ABŞ-nyň kwant tehnologiýalaryny goldamak boýunça federal maksatnamasyna gatnaşmazlyk kararyna geldi. Kompaniýa maliýeleşdiriş şertleriniň iş ýüzünde peýdaly boljak kwant kompýuteriniň......

08.06.2026 18:54
4.4k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

8-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabada gelen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers bilen duşuşdy. Bu barada......

05.06.2026 15:39
2.7k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 14:18
8.3k+

​Bloomberg: Tramp 60 ýurtdan getirilýän harytlara täze gümrük paçlaryny girizmegi meýilleşdirýär

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Donald Trampyň administrasiýasy takmynan 60 ýurtdan getirilýän harytlara täze gümrük paçlaryny girizmek mümkinçiligini gözden geçirýär diýip, Bloomberg agentligi......