Türkmen ilçisi Minskde Polesk döwlet uniwersitetiniň rektory bilen duşuşdy

  • 04.02.2025 16:11
  • 6.6k+

3-nji fewralda Türkmenistanyň Belarusdaky ilçihanasynda ilçi Nazarguly Şagulyýew Polesk döwlet uniwersitetiniň rektory Waleriý Dunaý bilen duşuşdy. Bilim hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegi we türkmen talyplarynyň okuw şertleri duşuşygyň esasy mowzugy boldy diýip, ORIENT habar berýär.

Rektor Brest oblastynyň Pinsk şäherinde ýerleşýän uniwersitetiň işi barada gürrüň berdi. Häzirki wagtda bu ýokary okuw mekdebinde 3215 talyp bilim alýar, olaryň 80-si daşary ýurtly bolup, şolaryň 19-sy Türkmenistanyň raýatlarydyr.
Polesk döwlet uniwersiteti bäş fakultetiň düzümindäki 11 kafedrada hünärmenleri taýýarlaýar. Okuw maksatnamalary ykdysadyýet, maliýe, biotehnologiýa, inženerçilik, maglumat tehnologiýalary we beýleki ugurlar boýunça 18 hünäri öz içine alýar.
Ilçi Şagulyýew ikitaraplaýyn gatnaşyklary berkitmekde bilim hyzmatdaşlygynyň ähmiýetini nygtady. Ol talyplaryň sanynyň artmagynyň, olaryň okuw şertleriniň gowulandyrylmagynyň we akademiki tejribe alyşmagyň uzak möhletleýin esasda ýurtlaryň arasyndaky medeni dialogy we hyzmatdaşlygy ösdürmäge goşant goşýandygyny belläp geçdi.


01.06.2026 17:06
2.9k+

Türkmen wekiliýeti «Täjigistan-2026» forumyna gatnaşdy

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň wekilleri hem-de orta hünär tehniki mekdepleriň talyplary Täjigistan Respublikasynyň Hatlon oblastynyň Dangarinsk raýonynda 27—30-njy maý aralygynda geçirilen......

30.05.2026 17:05
9.1k+

Türkmen talyby Amangeldi Murzaýew “GDA-nyň iň gowy talyby” boldy

Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabynyň 53-nji orta mekdebiniň uçurymy, häzirki wagtda Gazagystanyň paýtagty Astanadaky Lew Nikolaýewiç Gumilýow adyndaky Ýewraziýa Milli uniwersitetiniň (ÝMU) 4-nji ýyl talyby......

25.05.2026 20:48
3.8k+

Aşgabatdaky sergide eMekdep ulgamynyň mümkinçilikleri tanyşdyryldy

Aşgabatda paýtagtyň 145 ýyllygyna bagyşlanyp, giň gerimde geçirilen «Ak şäherim Aşgabat — 2026» halkara sergisi binagärlik we şähergurluşyk ulgamynda gazanan üstünlikleri, bu ugurda alnyp barylýan geljegi uly......

21.05.2026 17:50
2.3k+

Türkmenistan we OpenAI bilim ulgamynda emeli aňy ornaşdyrmak barada maslahatlaşdy

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň wekilleri Londonda geçirilen «Education World Forum 2026» Bütindünýä bilim forumynyň çäginde OpenAI kompaniýasynyň wekilleri bilen iş duşuşygyny geçirdi. Taraplar bilim......