Günüň üstünde bir günde ýedi partlama bolup geçdi

  • 04.02.2025 15:57
  • 5.3k+

3-nji fewralda Gün işjeňligi rekord derejeli boldy. Bir gije-gündiziň dowamynda Günde ýedi sany M partlamalary, şol sanda M8.8 derejeli güýçli partlama bolup geçdi diýip, TASS habar berýär.

Amaly geofizika institutynyň maglumatlaryna görä, şeýle güýçli partlama Aşgabat wagty bilen 8:58-de 3981 tegmiller toparynda hasaba alyndy.
Mundan başga-da, Aşgabat wagty bilen 04:00 we 13:00 aralygynda M4.2, M2.5, M3.1, M3.2 güýji bolan partlamalar hem-de iki sany M1.0 partlamasy bolup geçdi.
RYA-nyň Kosmos gözlegleri institutynyň Gün astronomiýasy barlaghanasynyň maglumatlaryna görä, partlama işjeňliginiň häzirki görkezijisi 10 ballyk şkala boýunça 8.7 bolup, bu ýakyn iki günde X derejeli partlamanyň bolmak ähtimallygynyň ýokarydygyny görkezýär.
Şeýle-de, Gün işjeňliginiň global ösüşi hasaba alynýar, sebäbi partlamalaryň sanynyň we güýjüniň sinhron artmagy Günüň görünmeýän tarapynda bolup geçýär, bu ýerde iki uly plazma zyňyndysy hasaba alnypdy. Işjeň merkezler indi Ýeriň garşysynda ýerleşýär, bu hem olaryň planetamyza bolan täsirini güýçlendirýär. 


22.03.2026 16:34
4k+

Mart aýynyň ahyrynda iki meteor akymyny synlamak bolar

2026-njy ýylyň mart aýynyň ahyrynda Ýeriň ýaşaýjylary iki meteor ýagşyny — Gamma Normidleri we Eta Wirginidleri synlap bilerler. Birinjisi 28-nji marta çenli, ikinjisi bolsa 25-nji marta çenli işjeň bolar. Aýyň ýagtylygynyň gowşaklygy sebäpli olary arkaýyn synlap bolar...

21.03.2026 11:26
5.4k+

Gije bilen gündiziň deňleşen pursady: 20-nji martda Ýer ýaz paslyna «geçdi»

20-nji martda Türkmenistanyň wagty bilen takmynan sagat 19:46-da Ýer şary üçin kän bir bildirmeýän, ýöne planeta üçin düýpli ähmiýeti bolan pursat — ýazky gije-gündiz deňleşmesi boldy. Bu wagtda Gün asman ekwatoryny kesip geçýär we gije bilen gündiz deňleşýär: takmynan, 12 sagat gündiz we şonça sagat hem gije...

16.03.2026 16:46
8.1k+

Tebigat Ýer şarynyň badyny gowşadýar: gije-gündiziň dowamlylygy uzalýar

Howanyň üýtgemegi Ýeriň aýlanma tizligine täsir edýär we gije-gündiziň dowamlylygynyň artmagyna getirýär. Şeýle netijäni Wena uniwersitetiniň we Sýurih tehnologik institutynyň alymlary öňe sürýär. Olaryň berýän maglumatlaryna görä, häzirki wagtda gije-gündiz her ýüz ýylda, takmynan, 1,33 millisekunt uzalýar...

05.03.2026 07:02
4.9k+

2026-njy ýylyň ýeke-täk doly Aý tutulmasy: «Ganly Aý» dürli künjeklerde nähili göründi?

3-nji martda 2026-njy ýylyň ýeke-täk doly Aý tutulmasy boldy. Bu tebigy hadysa wagtynda Aý goýy gyzyl reňke eýe bolýar, şol sebäpli hem oňa, adatça, «Ganly Aý» diýilýär. Fotosuratçylar dünýäniň dürli künjeklerinde bu täsin pursaty surata düşürdi...