“Gum adam” serialynyň ikinji möwsümi jemleýji bolar

  • 04.02.2025 15:05
  • 2.5k+

Netflix-iň “Gum adam” (Песочный человек) serialy ikinji möwsüm bilen tamamlanar. Soňky bölümler 2025-nji ýylda çykar diýip, Variety neşiri habar berýär.

Taslamany döredijiler bu serialyň ilkibaşda iki möwsümlik meýilleşdirilendigini habar berýär, bu bolsa wakanyň, üstünlige garamazdan, uzaldylmajakdygyny aňladýar.Serialyň iki möwsüm bilen çäklenmegi soňky wagtlar onuň awtory Nil Geýmanyň abraýyna zyýan ýetirip biljek hadysalar bilen baglanyşykly bolup biler.
Meşhur ýazyjynyň töweregindäki ýagdaý Amazon-yň “Ýagşy alamatlar” (Благие знамения) serialynyň üçünji möwsümine-de täsirini ýetirdi, ol eýýäm Geýmanyň gatnaşmazlygynda doly metražly film hökmünde gaýtadan işlendi.
“Gum adamyň” sýužeti düýşler şalygynyň hökümdary Morfeý barada gürrüň berýär. 70 ýyl tussaglykdan soň, ol öz şalygyny dikeltmäge we özüniň ýok wagty dünýäde bolup geçen üýtgeşmelere düşünmäge çalyşýar.
Baş keşbi Tom Stýorrij ýerine ýetirdi, şeýle-de seriala Boýd Holbruk, Jenna Koulman we Dewid Týulis gatnaşdy.


şu gün 11:08
781

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» taryhda iň çykdajyly film diýlip ykrar edildi

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» (Мир Юрского периода: Господство) filmi taryhda iň gymmat düşen kino taslamasy diýlip yglan edildi. «Fortune» neşiriniň maglumatlaryna görä, Universal Pictures......

düýn 09:56
2.1k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....

düýn 09:53
1.6k+

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......

17.06.2026 11:26
2.3k+

"Melgun Prada geýýär" milliard dollarlyk film franşizasyna öwrüldi

"Melgun Prada geýýär" filminiň dünýä boýunça umumy kassa girdejisi 1 milliard dollardan geçdi. Bu barada Variety žurnaly ýazýar....