NASA we Blue Abyss ekstremal simulýatorly astronawtlary taýýarlaýyş merkezini döreder

  • 04.02.2025 07:12
  • 1.6k+

Blue Abyss iňlis kompaniýasy we NASA-nyň Glenn barlaglar merkezi astronawtlary taýýarlamak üçin infrastrukturany we tehnologiýalary ösdürmäge gönükdirilen hyzmatdaşlyk şertnamasyny baglaşdy. Hyzmatdaşlygyň çäklerinde Aýdaky we Marsdaky şertlere meňzeýän ekstremal simulýasiýa ulgamlary işlenip taýýarlanar diýip, Electronic Specifier habar berýär.

Taraplar astronawtlary taýýarlamak üçin täze tehnologiýalary we simulýatorlary döretmegi, şol sanda suwasty modullary, parabolik uçuşlary we giňeldilen hakykaty ulanmagy meýilleşdirýärler.
Hyzmatdaşlyk Ýeriň pes orbitasynda, Aýyň töweregindäki giňişlikde, şeýle hem Aýyň we Marsyň şertlerinde işlemek üçin okuwlary öz içine alýar. NASA täjirçilik obýektleriniň we hyzmatlarynyň işlenip taýýarlanyşyna ýol görkezmek üçin tehniki goldawy berer we kosmos barlaglary ugrundaky tejribesini paýlaşar. Blue Abyss bolsa uzak möhletleýin infrastrukturanyň talaplaryny kesgitlemek üçin marketing barlaglaryny geçirer.
Alnan maglumatlar NASA-nyň geljekki täjirçilik mümkinçiliklerine baha bermäge we olary öňdäki kosmos programmalaryna goşmaga kömek eder.


şu gün 10:51
581

Prada we Axiom Space Aýda geýiljek skafandryň içki gatlagyny görkezdi

"Prada" we "Axiom Space" kompaniýalary LCVG (suwuklyk bilen sowadýan we wentilýasiýa edýän eşik) atly içki sowadyjy we wentilýasiýa eşigini tanyşdyrdylar. Ol astronomlaryň Aýyň üstünde işleýän wagty beden......

düýn 23:32
2.8k+

NASA-nyň «X-59» synag uçary ilkinji gezek ses tizliginden geçip bildi

NASA-nyň «X-59» synag uçary ilkinji gezek ses tizliginden geçdi. Bu waka ABŞ-nyň Kaliforniýa ştatyndaky Edwards howa bazasynda geçirilen synag uçuşynyň dowamynda amala aşdy....

08.06.2026 16:17
2.7k+

NASA-nyň «X-59» uçary ilkinji gezek ses tizliginden geçmäge taýýarlanýar

NASA-nyň «X-59» sesden hem çalt uçýan eksperimental uçary uçuş synaglarynyň nobatdaky tapgyryna taýýarlanýar. Bu tapgyrda uçar öz taryhynda ilkinji gezek sesiň tizliginden-de ýokary geçmelidir....

07.06.2026 19:54
2k+

NASA geljekki bazany taýýarlamak üçin Aýa her aýda robotlary iberer

NASA 2027-nji ýyldan başlap, Ýeriň tebigy hemrasynyň günorta polýusynyň töwereginde geljekki bazanyň infrastrukturasyny taýýarlamak üçin Aýa takmynan her aýda uçarmansyz missiýalary geçirmegi meýilleşdirýär....