Asteroid diýlip hasaplanan asman jisimi Ilon Maskyň awtoulagy bolup çykdy

  • 04.02.2025 00:32
  • 11k+

Astronomlar ýakynda kosmosda asteroid diýlip hasaplanýan, 2018 CN41 atly jisimiň aslyýetinde Ilon Maskyň Tesla Roadster awtoulagydygyny anykladylar. SpaceX kompaniýasy ony 2018-nji ýylda Falcon Heavy raketasy arkaly kosmosa iberipdi diýip, Live Science habar berýär.

Şol wagt awtoulagyň ruluna «Starmen» atly skafandrly maneken ýerleşdirilipdi. Ulagyň içinde Dewid Bouiniň «Space Oddity» albomy gaýta-gaýta goýberilip, ol Marsa tarap gönükdirilipdi.
Kompaniýalar we kosmos agentlikleri raketalary we emeli hemralary olaryň işläp duran wagtynda yzarlaýarlar. Emma ulanyşdan galansoň köplenç olary unudýarlar. Eger-de kosmos galyndylary asteroid bilen çalşylsa, bu ylmy we maliýe serişdeleriniň dereksiz sarp edilmegine sebäp bolup biler.
2018 CN41 jisimi, ýagny Tesla Roadster awtoulagy şu ýylyň ýanwar aýynda Ýere ýakynlaşýan asteroidleriň sanawyna girizilipdi. Güman edilmegine görä, bu maglumat öwrenje türk astronomy tarapyndan berlipdir. Ol arhiw maglumatlaryny seljerip, bu açyşy edipdir. Emma bir gün hem geçmänkä, Halkara astronomiýa bileleşiginiň (IAU) Kiçi planetalar merkezi (MPC) bu maglumatlaryň nädogrudygyny aýdyp, resmi bildiriş çap edipdir.
Maskyň Tesla awtoulagy, garaşylşy ýaly, Marsyň orbitasyna girip bilmedi. Onuň ýerine ol Günüň daşyndan aýlanýan orbita geçdi. Geljekde ol wagtal-wagtal Ýere we Marsa ýakynlaşar.


22.03.2026 16:34
4.2k+

Mart aýynyň ahyrynda iki meteor akymyny synlamak bolar

2026-njy ýylyň mart aýynyň ahyrynda Ýeriň ýaşaýjylary iki meteor ýagşyny — Gamma Normidleri we Eta Wirginidleri synlap bilerler. Birinjisi 28-nji marta çenli, ikinjisi bolsa 25-nji marta çenli işjeň bolar. Aýyň ýagtylygynyň gowşaklygy sebäpli olary arkaýyn synlap bolar...

21.03.2026 11:26
5.5k+

Gije bilen gündiziň deňleşen pursady: 20-nji martda Ýer ýaz paslyna «geçdi»

20-nji martda Türkmenistanyň wagty bilen takmynan sagat 19:46-da Ýer şary üçin kän bir bildirmeýän, ýöne planeta üçin düýpli ähmiýeti bolan pursat — ýazky gije-gündiz deňleşmesi boldy. Bu wagtda Gün asman ekwatoryny kesip geçýär we gije bilen gündiz deňleşýär: takmynan, 12 sagat gündiz we şonça sagat hem gije...

09.03.2026 14:06
12k+

Germaniýada asmandan inen meteorit ýaşaýyş jaýynyň üstüne düşdi

Germaniýanyň günbataryndaky Reýnland-Pfalz federal ýerindäki Koblens şäherinde 8-nji mart güni agşam asmandan düşen meteorit bölegi ýaşaýyş jaýynyň üstüne düşdi. Koblens polisiýasynyň berýän maglumatyna görä, Gýuls raýonynda sagat 19:00 töweregi kömürleşen asman jisimi jaýyň üçeklerini deşip geçdi...

05.03.2026 07:02
5k+

2026-njy ýylyň ýeke-täk doly Aý tutulmasy: «Ganly Aý» dürli künjeklerde nähili göründi?

3-nji martda 2026-njy ýylyň ýeke-täk doly Aý tutulmasy boldy. Bu tebigy hadysa wagtynda Aý goýy gyzyl reňke eýe bolýar, şol sebäpli hem oňa, adatça, «Ganly Aý» diýilýär. Fotosuratçylar dünýäniň dürli künjeklerinde bu täsin pursaty surata düşürdi...