“Gladiator-2” we “Aždarhanyň öýi” resmi däl saýtlar tarapyndan iň köp ýüklenen film we serial boldy

  • 03.02.2025 16:48
  • 4.3k+

2025-nji ýylyň ýanwar aýynda “Gladiator-2” (Гладиатор-2) resmi däl saýtlar tarapyndan iň köp ýüklenen film boldy. Reýtingi kiberhowpsuzlyk tehnologiýalary bilen meşgullanýan F.A.C.C.T. kompaniýasy düzdi.

Pol Peskal bilen Denzel Waşingtonyň baş keşpleri ýerine ýetirmeginde Ridli Skottuň taryhy filmi dekabr aýynyň ahyrynda sanly platformalarda elýeterli boldy.
Ikinji orunda “Ad Vitam” fransuz uruşly filmi, üçünji orunda Kemeron Dias we Jeými Foks bilen “Ýene hereketde” (Снова в деле) ýerleşdi.
Şeýle-de, iň köp ýüklenen filmleriň bäşligine “Hakyky agyry” (Настоящая боль) we “Wagt ýalňyşlygy. Multiälem” (Ошибка времени. Мультивселенная) girdi. Sanawyň yzyny “Nosferatu” (Носферату), “Kreýwen awçy” (Крейвен-охотник) we “Missiýa: Gyzyl” (Миссия: Красный) ýaly filmler dowam etdirýär.
TorrentFreak neşiriniň maglumatlaryna görä, 2024-nji ýylda resmi däl saýtlar tarapyndan ýüklenen iň meşhur serial “Tagtlaryň oýnunyň” (Игра престолов) prikweli – “Aždarhanyň öýi” (Дом дракона) boldy.
Ikinji orny “Ýigitler” (Пацаны), üçünji orny “Sýogun” (Сегун) eýeledi. Ilkinji onluga “Pingwin” (Пингвин), “Fallout”, “Riçer” (Ричер), “Bukalga” (Укрытие), “Dýuna: Welilik” (Дюна: Пророчество) we “Halo” seriallary-da girdi.


şu gün 11:08
1.1k+

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» taryhda iň çykdajyly film diýlip ykrar edildi

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» (Мир Юрского периода: Господство) filmi taryhda iň gymmat düşen kino taslamasy diýlip yglan edildi. «Fortune» neşiriniň maglumatlaryna görä, Universal Pictures......

düýn 09:56
2.1k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....

düýn 09:53
1.6k+

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......

17.06.2026 11:26
2.3k+

"Melgun Prada geýýär" milliard dollarlyk film franşizasyna öwrüldi

"Melgun Prada geýýär" filminiň dünýä boýunça umumy kassa girdejisi 1 milliard dollardan geçdi. Bu barada Variety žurnaly ýazýar....