Renault rekord üçin döredilen Filante Record 2025 elektrokaryny görkezdi

  • 03.02.2025 09:57
  • 5.8k+

Renault görkezmek üçin niýetlenen täze Filante Record 2025 elektromobilini hödürledi. Onuň maksady energiýa netijeliligi we geçilýän menziliň uzaklygy boýunça rekord goýmakdan ybarat.

Bir orunlyk konsept markanyň üç sany taryhy modelinden ylham alan özboluşy dizaýna eýe boldy we geljekden gelen awtomobile meňzeýär. Şeýle-de, dizaýn diňe bir futuristik däl, eýsem aerodinamik boldy. Öňdäki tegelek faralar 1920-nji ýyllaryň 40 CV des Records modeline salgylanýar, tigirler 1934-nji ýylyň Nervasport awtomobili ýaly daşyna çykarylan, arkalar bolsa 1956-njy ýylyň turbinaly Etoile Filante awtomobilindan ylham alýar.
Awtomobiliň uzynlygy 5,12 metr, ini – 1,71 metr, agramy bolsa bary-ýogy 1 000 kg. Olardan 600 kg 87 kWt/sag sygymly batareýanyň, galan 400 kg alýuminden, polatdan we karbondan ýasalan kuzowyň paýyna düşýär. Renault agramy azaltmak üçin emeli aňdan we 3D çap usulyndan peýdalandy.
Energiýa netijeliligi ýörite 19 dýuýmlyk Michelin şinalarynyň hasabyna ýokarlandyryldy. Tapgyrlaýyn modellerden tapawutlylykda, batareýa elementleri gönüden-göni bloga birleşdirildi. Bu tehnologiýa bloguň agramyny azaltmaga we onuň gurluşyny optimizirlemäge mümkinçilik berdi.
Filante Record 2025 awtomobiliniň premýerasy 5 – 9-njy fewralda Pariždäki Rétromobile sergisinde geçiriler. Renault ýylyň birinji ýarymynda awtomobili hakyky ýollarda synagdan geçirmegi meýilleşdirýär.


12.05.2026 14:52
2.1k+

Bir ýarym sagatda 74 km süýşme: XPeng P7 yzgarly ýolda drift boýunça rekord goýdy

XPeng P7 elektromobili yzgarly ýolda dolandyrylýan süýşme (drift) arkaly 73,594 kilometr aralygy geçip, Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi. Bu barada XPeng Motors kompaniýasynyň ýolbaşçysy He Sýaopen mälim etdi....

04.04.2026 13:20
2.2k+

Ford GT Mk IV “Nýurburgringda” içinden otlanýan hereketlendirijili iň çalt awtoulag boldy

Ford GT Mk IV superkary “Nýurburgring-Nordşlýaf” ýolunda iň çalt gibrid däl içinden otlanýan hereketlendirijili awtoulag boldy. Ford bu barada Germaniýada geçirilen 21 kilometrlik ýaryşlaryň netijelerini......

30.01.2026 18:50
5.3k+

Toyota rekord derejeli satuw bilen ýene dünýäniň iň uly awtoöndürijisi boldy

2025-nji ýylda Toyota kompaniýasy 11,32 mln awtomobil satyp, täze dünýä rekordyny goýdy. Bu görkeziji 2024-nji ýyldakydan 4,6% köpdür. Şeýlelikde, kompaniýa ýene dünýäniň iň iri awtoöndürijisi adyny saklamagy başardy...

25.01.2026 13:47
7.4k+

Hytaý dünýäde iň uly rolker gämisini suwa goýberdi. Oňa 11 müňe golaý ulag ýerleşýär

Hytaýyň Guangzhou Shipyard International (GSI) gämi gurluşyk zawody sygymy rekord derejedäki ýük daşaýan gämini suwa goýberdi. Gämi her saparda 10 800 awtoulagy daşamaga ukyply we Koreýanyň Hyundai awtoulag öndürijisi üçin guruldy...