Hytaý Ýeriň jümmüşinde 15 km çenli burawlap, energiýa çeşmelerini gözlemek taslamasyna başlaýar

  • 02.02.2025 21:30
  • 7.1k+

Hytaý çuň guýulary gazmak üçin niýetlenen ösen tehnologiýalary we enjamlary döretmek boýunça milli maksatnamasyny işe girizdi. Bu taslamanyň esasy maksady – 15 müň metr çuňlukda işlemäge ukyply ilkinji akylly aşa çuň burawlaýyş desgasyny döretmekdir. Häzirki wagtda Hytaýyň iň çuň guýusy 11 müň metre ýetýär diýip, South China Morning Post neşiri habar berýär.

Hytaýyň «Sinhua» habarlar agentligi, «Deep Earth» atly bu ylmy-tehniki megataslamanyň başlangyçdygyny we onuň ýurduň energiýa hem-de tebigy baýlyk howpsuzlygyny üpjün etjekdigini habar berdi. Taslamany Hytaýyň geologiýa ylymlary akademiýasy (CAGS), birnäçe uniwersitetler, ylmy-barlag institutlary we kärhanalar bilelikde amala aşyrýarlar.
Jilin uniwersitetiniň berýän maglumatlaryna görä, taslamada birnäçe tehniki kynçylyk bar. Olaryň arasynda ýokary temperaturalarda burawyň erginini dogry dolandyrmak, burawyň aşa uzyn turbalaryny awtomatlaşdyrylan ulgama laýyk utgaşdyrmak we 10 müň metrden çuň ýerlerde işlemäge ukyply akylly göwrüm alyş ulgamyny döretmek bar.
Häzirki wagtda Hytaýyň iň çuň nebit guýusy 11 müň metr bolup, ol dünýädäki ikinji iň çuň guýy hasaplanýar. Sinjýan welaýatynyň Şaýa etrabynda ýerleşýän bu guýy, Hytaýyň milli nebit korporasiýasy (CNPC) tarapyndan 2024-nji ýylyň mart aýynda tamamlandy.


16.06.2026 12:54
5.2k+

Hytaý dollar bilen bäsleşip biljek sanly töleg ulgamyny işe girizmäge taýýarlanýar

Hytaý merkezi banklaryň sanly walýutalaryny ulanmak arkaly halkara amallaryny geçirmäge mümkinçilik berjek «mBridge» serhetüsti hasaplaşyklar platformasyny täjirçilik maksatly işe girizmek boýunça taýýarlygy......

01.06.2026 07:34
8.8k+

Hytaý emeli adada ägirt uly howa menziliniň gurluşygynyň nähili dowam edýändigini görkezdi

Hytaý Dalian Jinzhouwan howa menziliniň gurluşygyny dowam etdirýär, ol gurlup gutarylandan soň, emeli adada ýerleşýän dünýäde iň uly howa menzili bolar. Bu toplum Dalýan şäheriniň kenarýakasyndaky Bohaý......

29.05.2026 08:03
7.8k+

157 gatlyk Jeddah Tower diňiniň esasy polat binýadyny hytaýly inženerler gurar

Hytaýyň Jinggui International kompaniýasy Saud Arabystanyndaky Jeddah Tower diňiniň 120-nji gatdan ýokary böleginiň esasy polat gurluşyny gurmak boýunça şertnama aldy. Belentligi bir kilometrden geçjek......

28.05.2026 12:23
2k+

Kanada maýa goýum özüne çekijiliginiň reýtinginde Hytaýdan öňe geçdi

Kanada we Ýaponiýa «Kearney FDI Confidence Index 2026» maýadarlaryň ynam reýtinginde öz ornuny berkitdi, Hytaý bolsa on ýylyň içinde ikinji orundan dördünji orna düşdi....