Arkadag şäherine jemagat hojalygy gulluklaryna täze tehnikalar geldi

  • 01.02.2025 16:01
  • 21k+

Arkadag şäherine jemagat hojalygy gulluklarynyň işi üçin niýetlenip satyn alnan täze tehnikalar geldi. 31-nji ýanwarda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine amala aşyran iş saparynyň çäginde bu tehnikalar bilen tanyşdy.

Tanyşlykdan soň, tehnikalar Arkadag şäheriniň köçelerine çykyp, arassaçylyk işlerine girişdiler. Bellenilişi ýaly, häzirki zamanyň ösen tehnologiýalarynyň esasynda enjamlaşdyrylan tehnikalaryň geçen ugurlarynyň tämizligi we işiň netijeliligi ýokary halkara görkezijilere doly laýyk gelýär. Munuň özi “akylly” şäherde ähli ugurlar, şol sanda Jemagat hojalygy gullugy boýunça amala aşyrylýan işlere toplumlaýyn esasda çemeleşilýändiginiň nobatdaky güwäsidir.
Jemagat hojalygy gulluklaryna gelip gowşan täze tehnikalar şäherde arassaçylygy ýokary derejede saklamaga, köçeleri we desgalaryň daş-töweregini abadanlaşdyrmaga hyzmat eder.


düýn 17:31
1.1k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

düýn 15:39
1.7k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 16:07
2.8k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

04.06.2026 12:34
4.4k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....