Alymlar Aýyň tektoniki işjeňligini tassyklaýan delilleri tapdylar

  • 01.02.2025 11:55
  • 2.4k+

Halkara alymlar topary Aýyň arka (garaňky) tarapynda 200 million ýyl mundan ozal emele gelen bolmagy mümkin ýüzlerçe kiçi gerişleri ýüze çykardylar. Bu açyş Aýyň heniz hem geologik taýdan işjeňdigini görkezýär.

Smitsonow institutynyň we Merilend uniwersitetiniň alymlary wulkaniki sebitlerde ýerleşýän, her biri 10-40 gurluşdan ybarat bolan jemi 266 sany ownuk gerişleri ýüze çykardylar.

«Köpsanly alymlar Aýdaky geologik prosesleriň esasy bölegi 2,5-3 milliard ýyl mundan ozal tamamlanandy diýip pikir edýär. Ýöne biziň barlaglarymyz şu tektoniki gurluşlaryň soňky 1 milliard ýylyň dowamynda hem işjeň bolandygyny we belki-de häzirki wagta çenli işjeňligini saklap gelýändigini görkezýär» diýip, Merilend uniwersitetiniň ylmy işgäri Jeklin Klark düşündirýär.

Alymlar gerişleriň ýaşyny olaryň üstündäki kraterleriň (meteorit çukurlarynyň) sanyna esaslanyp kesgitlediler.

«Kraterleriň sanyny hasaplanymyzdan soň, bu tektoniki gurluşlaryň soňky 160 million ýylyň dowamynda hem işjeň bolandygyny anykladyk» diýip, Klark aýdýar. Bu bolsa Aýyň ömrüniň standartlaryna görä gysga möhlet hasaplanýar.

Alymlar bu açyşyň geljekki kosmos missiýalarynyň meýilleşdirilmegine uly ýardam berjekdigine ynanýarlar.

«Aýyň heniz hem geologik taýdan işjeňdigini bilmek, geljekki astronawtlaryň, enjamlaryň we infrastrukturalaryň ýerleşjek ýerlerini dogry kesgitlemek üçin uly ähmiýete eýe» diýip, Klark belleýär.


düýn 10:53
1.6k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

düýn 09:54
4.1k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:37
4.2k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

26.06.2026 15:40
2k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....