Ekstremal sport türgenleri 2,5 km belentlikde howa şarlarynyň arasynda ýüpden geçip rekord goýdy

  • 01.02.2025 11:43
  • 6.5k+

Nemes ekstremal sport türgenleri 2500 metr belentlikde howa şarlarynyň arasynda ýüpden geçip, dünýä rekordyny goýdular diýip, UPI habar berýär.

Germaniýaly iki batyr – Fridi Kýune we Lukas Irmler iki howa şarynyň arasynda dartylan ýüpden geçip, adatdan daşary görkezme çykyşyny ýerine ýetirdiler. Bu howply synanyşyk Ridering şäheriniň asmanynda geçirildi we olara Ginnesiň rekordlar kitabynda orun gazandyrdy. Şeýlelik bilen, olar 2021-nji ýylda goýlan 6236 futlyk (1900 metr) öňki rekordy täzelediler.
Ilkinji bolup ýüpden geçen Irmler bu synanyşygyň oňa ýeňil düşmändigini boýun aldy.

«Hakykatdanam üstümizde uly basyş bardy. Ähli zat gutaranda özümi gaty ýeňil duýdum» diýip ol belledi.

Dostunyň yzyna düşen Kýune bolsa Lukasyň daşyndan tomaşa etmegiň gaty gorkunçdygyny aýtdy.
Ekstremal sport türgenleri çylşyrymly şertler bilen ýüzbe-ýüz boldular: howa şarlary yzygiderli aýlanýardy, ýokaryk hem aşaklygyna hereket edýärdiler, bu bolsa synanşygy has-da kynlaşdyrýardy.

«Bir pursatda aşaklygyna ýöräp barýardyk, indiki pursatda bolsa ýokaryk çykýardyk. Ýüpdäki dartgynlyk bir güýçlenýärdi, bir gowşap gidýärdi» diýip olar gürrüň berdiler.


18.06.2026 22:32
3.8k+

194 ýaşly pyşbaga Jonatan resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Ýerde ýaşaýan janly-jandarlaryň iň garrysy hasaplanýan Jonatan atly aldabra pyşbagasy resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň abraýly «ikona» statusyna eýe boldy....

15.06.2026 10:46
3.3k+

Gazagystanly aýdymçy 5 sagatda yzyny üzmän 102 aýdym aýdyp rekord goýdy

Shakarim University ýokary okuw mekdebiniň mugallymy Kaýrat Kabyşew 5 sagat 29 minudyň dowamynda gazaklaryň 102 sany halk aýdymyny ýerine ýetirip, dünýä rekordyny goýdy. Bu üstünlik Aziýanyň we Afrikanyň......

11.06.2026 10:59
7.9k+

Çarli Çapline meňzeşleriň 400-den gowragy rekord goýmak üçin Şweýsariýa ýygnandy

Beýik aktýora iň köp meňzeşleriň ýygnanyşygy boýunça dünýä rekordyny täzelemek üçin 400-den gowrak kişi Çarli Çapliniň meşhur sergezdan keşbine girip, Şweýsariýada jemlendi....

08.06.2026 18:02
5.1k+

Las-Wegasda düşek örtgülerinden iň uly gala guruldy

Las-Wegasda mekdep okuwçylary we ýerli ýaşaýjylar düşek örtgülerini ulanmak arkaly dünýäde iň uly galany (fort) gurdy. Bu netije resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi....