Apple kompaniýasy iPhone-da Starlink hemra aragatnaşygyny synagdan geçirýär

  • 01.02.2025 11:37
  • 2.9k+

Apple kompaniýasy iPhone-a Starlink hemra aragatnaşygyny birikdirmek mümkinçiligini synagdan geçirýär. ABŞ-da T-Mobile Starlink beta-programmasyna gatnaşýan we iOS 18.3-li smartfonlary ulanyjylaryň köpüsi habarlary hemra arkaly ibermek mümkinçiligine eýe boldy diýip, Bloomberg habar berýär.

Hemra aragatnaşygy, öýjükli ulgam bolmadyk ýagdaýynda-da, dünýäniň islendik nokadyndan SMS ibermäge mümkinçilik berýär. Perplexity.ai munuň Apple-iň öňki hemra tehnologiýalary bilen deňeşdireniňde ösen çözgütdigini, sebäbi onuň hemranyň göni “göz öňünde” bolmagyny talap etmeýändigini ýazýar.
Funksiýa adaty signal bolmadyk ýagdaýynda öýjükli aragatnaşyk sazlamalary arkaly awtomatik taýdan işjeňleşdirilýär.
Geljekde Apple tehnologiýanyň mümkinçiliklerini giňeldip, sesli jaňlar we maglumatlary ibermek goldawyny goşmagy meýilleşdirýär.


17.06.2026 11:18
1.1k+

Starship-i Aýa uçuşlar üçin orbitara çekiji etmegi meýilleşdirýärler: SpaceX näme teklip edýär?

SpaceX kompaniýasy NASA-nyň "Artemis" maksatnamasynyň çägindäki geljekki Aý missiýalarynyň tertibini üýtgetmegi we "Starship" gämisine Aýa ekipažlary eltip bermekde has giň gerimli orun bermegi teklip etdi....

11.06.2026 08:39
1.1k+

SpaceX ýene bir rekord goýdy: Falcon 9-yň birinji basgançagy 35-nji uçuşyny tamamlady

SpaceX kompaniýasy raketalary gaýtadan ulanmak boýunça öz rekordyny ýene-de täzeledi. Raketa göteriji Falcon 9-yň birinji basgançagy kosmosa uçdy we eýýäm 35-nji gezek yzyna gaýdyp geldi....

31.05.2026 00:31
2.2k+

ÝB Starlink-iň işini çäklendirip, ýewropaly operatorlary goldamagy meýilleşdirýär

Ýewropa Bileleşigi daşary ýurt tehnologiýa kompaniýalaryna bolan garaşlylygyny azaltmak we ýewropaly operatorlara goşmaça mümkinçilikleri döretmek maksady bilen, «Starlink» hem «Kuiper» ýaly amerikan......

30.05.2026 00:14
2.4k+

Gün işjeňligi kosmos galyndylarynyň orbitadan çykmagyny çaltlaşdyrýar

Alymlar Günüň işjeňliginiň artmagynyň, atmosferanyň ýokarky gatlaklarynyň giňelmegi sebäpli, kosmos galyndylarynyň Ýeriň orbitasyndan çykmagyny çaltlaşdyrýandygy barada netijä geldiler....