Astronawt Sunita Uilýams zenanlaryň arasynda açyk kosmosa çykmak boýunça rekord goýdy

  • 31.01.2025 20:11
  • 5.5k+

Astronawt Sunita Uilýams açyk kosmosa çykmagyň umumy dowamlylygy boýunça zenanlaryň arasynda rekord eýesi boldy. Onuň stansiýanyň bortundan daşary işiniň umumy wagty 62 sagatdan geçdi. Bu barada ABŞ-nyň Aeronawtika we kosmos giňişligini öwrenmek boýunça milli edarasy (NASA) habar berdi.

30-njy ýanwardaky soňky çykyşyň dowamynda Uilýams Halkara kosmos stansiýasyndan daşynda tas alty sagat wagt sarp edip, umumy görkezijini 62 sagat 6 minuta ýetirdi. Şeýlelikde, ol Peggi Uitsonyň öňki rekordyny täzeledi. Indi Uilýams açyk kosmosda bolmagyň dowamlylygy boýunça ähli astronawtlaryň arasynda dördünji orny eýeleýär.
Uilýamsyň we onuň kärdeşi Barri Uilmoryň kosmosa çykmagy bejeriş işleri bilen baglanyşykly boldy. Bu amerikaly astronawtlaryň 2025-nji ýylda stansiýadan daşary ikinji gezek çykmagydyr – mundan öň, 16-njy ýanwarda, Uilýams bilen Nik Heýg enjamlaryň tehniki barlagyny geçirdi.
Ýatlap geçsek, ilkibaşda Uilýams bilen Uilmoryň missiýasy iki hepde dowam etmelidi, ýöne Boeing Starliner gämisiniň näsazlyklary sebäpli NASA olaryň Ýere gaýdyp gelmegini 2025-nji ýylyň ýazyna süýşürdi. Starliner gämisiniň özi 8-nji sentýabrda ekipažsyz yzyna gaýdyp geldi.


düýn 09:29
3.2k+

Balhaşdaky festiwalda agramy 86 kg-dan geçýän «kazyburger» taýýarlandy

Balhaş şäherinde geçirilen «Balkhash Tour Fest — 2026» festiwalynda Gazagystanyň täze resmi gastronom rekordy bellige alyndy. Ýerli aşpezler tomaşaçylaryň we myhmanlaryň gözüniň alnynda ägirt uly «kazyburger»......

22.06.2026 22:53
6.3k+

DÇ-2026-nyň topy kosmosa-da baryp ýetdi

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň resmi topy bolan Adidas Trionda Halkara kosmos stansiýasyna (HKS) iberildi....

21.06.2026 23:59
2k+

NASA «Relativity Space» kompaniýasy bilen Mars missiýasy boýunça şertnama baglaşdy

NASA «Relativity Space» hususy kompaniýasy bilen Marsyň atmosferasyny öwrenmek üçin «Aeolus» missiýasyny işläp düzmek we uçurmak boýunça şertnama baglaşdy. Taslama üstünlikli durmuşa geçirilse, ol hususy......

18.06.2026 22:32
4.7k+

194 ýaşly pyşbaga Jonatan resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Ýerde ýaşaýan janly-jandarlaryň iň garrysy hasaplanýan Jonatan atly aldabra pyşbagasy resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň abraýly «ikona» statusyna eýe boldy....