2024-nji ýylyň jemleri boýunça Autosport Awards baýragynyň ýeňijileri yglan edildi

  • 31.01.2025 15:22
  • 1.9k+

“Red Bull-yň" 27 ýaşly niderlandly sürüjisi Maks Werstappen iň gowy halkara ýaryş sürüjisi diýlip ykrar edildi. Ol bu bavraga yzygider ikinji ýyl eve bolýar, niderlandly türgeniň hasabynda şunuň ýaly baýraklaryň eýýäm dördüsi bar.

Şeýle hem Werstappen San-Pauloda (Braziliýa) geçen ýagyşly Gran-Pride gazanan ýeňşi üçin “Ýylyň iň gowy pursady” nominasiýasynda baýrak aldy. Şol ýaryşda ol 17-nji orundan badalga alyp, ýaryşda ýeňiji boldy.

“Ýyl diýseň çylşyrymly boldy, onda owadan ýeňişler bolşy ýaly, kyn pursatlar hem boldy. Ýöne, elbetde, iň möhüm zat birinji orna çykmakdy. Biz topar bolup munuň hötdesinden geldik. Hawa, men juda buýsanýan we baýrak üçin ýene-de bir gezek sag bolsun aýdýaryn "- diýip, Autosport Formula-1-iň dört gezek çempionynyň sözlerini getirýär.

Ýylyň iň gowy iňlis sürüjisi diýlip “Maklareniň” 25 ýaşly sürüjisi Lando Norris ykrar edildi.
“Maklaren” MCL38 ýylyň iň gowy ýaryş awtoulagy diýlip yglan edildi. Bu awtoulaglary sürýän Lando Norris we Oskar Piastri geçen möwsüm öz toparyna Konstruktorlar çempionatynda 1998-nji ýyldan bäri ilkinji ýeňşi getirdi.
“Maklareniň” ýolbaşçysy Andrea Stella hem ýörite baýrak aldy. Neşir oňa "Ýylyň şahsyýeti" adyny berdi.


19.06.2026 19:42
1.6k+

Lýuis Hemilton "Ferrari-ä" geçeni bäri ilkinji ýeňşini gazandy

«Ferrari» toparynyň sürüjisi Lýuis Hemilton «Formula-1-iň» Ispaniýa Gran-pri tapgyrynyň ýeňijisi boldy....

09.06.2026 07:51
4.5k+

19 ýaşly Antonelli Monakonyň Gran-prisinden ýeňiş gazandy: bu onuň yzly-yzyna bäşinji ýeňşi

«Mercedes» toparyndan çempionatyň lideri Andrea Kimi Antonelli 2026-njy ýylyň Formula-1 möwsüminiň altynjy tapgyry bolan Monakonyň Gran-prisinde ýeňiş gazandy. Ýaryş 7-nji iýunda Monte-Karlo şäheriniň......

23.05.2026 16:21
11k+

On adam üçin 1,4 milliard dollar: Forbes sport dünýäsiniň henizem weteranlar tarapyndan dolandyrylýandygyny görkezdi

Forbes žurnalynyň şu ýylky iň köp hak tölenýän türgenler boýunça reýtingi sportuň rowaýaty türgenleriniň 40 ýaşdan soň hem ýaş super ýyldyzlardan köp pul gazanýandygyny görkezdi....

05.05.2026 15:03
4.5k+

Abu-Dabidäki attraksion 4,9 sekuntda 240 km/sag tizlik bilen Ginnese girdi

Birleşen Arap Emirlikleriniň Abu-Dabi şäherindäki «Ferrari World» seýilgähinde ýerleşýän «Formula Rossa» attraksiony dünýäniň iň çalt attraksiony hökmünde ykrar edildi....