Neýmar Braziliýanyň “Santos” klubuna dolanýandygyny mälim etdi

  • 31.01.2025 11:53
  • 5.3k+

32 ýaşly braziliýaly hüjümçi Neýmar özüniň terbiýelenen “Santos” klubuna gaýdyp barýar. Futbolçy şertnama baglaşandygy barada sosial ulgamlarda habar berdi.

“Oglanlar, göýä geçmişe dolanýan ýaly duýgyny başdan geçirýän. Bu ýerde men dostlarym, maşgalam bilen duşuşýan” – diýip, futbolçy aýtdy.

“Santos” Braziliýanyň San-Paulu ştatynyň adybir şäheriniň klubudyr. Neýmar bu ýerde “Barselona” geçmezden ozal 2009-njy ýyldan 2013-nji ýyl aralygynda uly toparyň düzüminde çykyş etdi. Bu döwürde ol ähli ýaryşlarda 225 oýna gatnaşyp, 136 gol we 64 assist bilen tapawutlandy.
Transfermarkt portalynyň maglumatlaryna görä, Neýmaryň bazar bahasy häzir 15 mln ýewro barabar.
Mundan öň “Al-Hilýal” ikitaraplaýyn ylalaşyk esasynda hüjümçi bilen şertnamanyň ýatyrylandygyny resmi taýdan habar berdi. Braziliýaly saud toparynda 2023-nji ýylyň awgustyndan bäri çykyş etdi, ýöne yzly-yzyna alnan şikes sebäpli “Al-Hilýalyň” düzüminde meýdança bary-ýogy ýedi oýunda çykdy. Ol bir gol geçirdi we üç assist etdi.


şu gün 13:51
2.8k+

DÇ – 2026: Dembele hettrik etdi, Kabo-Werde taryha öwrülýär, Eýran welin, Müsürden asgyn geldi...

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatynda G, H we I toparlarynda iň soňky – 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparçalardaky jemleýji orunlar we 1/16 ahyrky tapgyra......

düýn 14:33
11k+

DÇ-2026:  Germaniýa Ekwadordan, ABŞ - Türkiýeden ýeňlip, öňe barýarlar

Futbol boýunça dünýä çempionaty barha we barha gyzyşýar. E, F we D toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş jetwelindäki gutarnykly......

25.06.2026 13:40
9.1k+

DÇ-2026: Winisius bombardirleriň bäsleşigine goşuldy, Marokkodan goşa kambek

Futbol boýunça dünýä çempionatynyň tüýs gyzgalaňly pursatlary dowam edýär. A, B we C toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş......

24.06.2026 22:49
7.9k+

DÇ-2026: Pleý-off tapgyrynyň öňüsyrasynda toparçalardaky ýagdaý nähili? Kim gider, kim galar?

Futbol boýunça 23-nji dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň jogapkärli – 3-nji tapgyry başlanýar. Köp ýygyndylar üçin bu ädim pleý-offa (1/16 finala) çykmagyň soňky mümkinçiligi. A käbirleri eýýämden......