Ýaponiýaly snoubordçy dünýäde ilkinji bolup 6,5 öwrümli böküşi amala aşyrdy

  • 30.01.2025 23:05
  • 4.1k+

19 ýaşly ýaponiýaly snoubordçy Hiroto Ogiwara dünýäde ilkinji bolup 2340 gradus (6,5 öwrüm) aýlawly böküşi amala aşyrdy. ABŞ-nyň Aspen şäherinde geçirilen X Games ýaryşynda big-eýr dissiplinasynda dünýä rekordyny goýup, altyn medal gazandy. Netije 97,33 bal boldy diýip, Redbull habar berýär.

Türgen ýaponiýaly öňki çempion Taýga Hasegawany we täze zelandiýaly ýetginjek Rokko Jeýmisony ýeňdi.

“Men hiç wagt şeýle bagtly bolup görmändim. Bu hakykatdanam beýik pursat boldy. Özümde bar bolan güýç-kuwwatyň soňky damjasyna çenli ulanan ýaly boldum" -diýip, Ogiwara üstünligine teswir berdi.

Bu ýapon türgeniniň birinji rekordy däl. Ondan öň ol dünýäde bäş sany dik we alty sany kese öwrümli böküşi  öz içine alýan BS Quint Cork 2160 böküşini amala aşyran ilkinji adam boldy. 2021-nji we 2022-nji ýyllarda türgen Ýaponiýanyň ýetginjekler çempionatynda we bu sporta täze gelen türgenleriň arasynda dünýä çempionatynyň finalynda ýeňiji bolupdy.


21.06.2026 21:03
2.1k+

Amerikaly Duglass 50 m aralyga erkin usulda ýüzmekde dünýä rekordyny täzeledi

Amerikaly suwda ýüzüji Keýt Duglass 50 metr aralyga erkin usulda ýüzmekde täze dünýä rekordyny goýdy....

15.06.2026 14:15
7.9k+

DÇ-2026-nyň 4-nji güni: Kýurasaonyň debýuty gorkuly düýşe meňzedi, ýewropalylar bolsa aziýalylardan yza galýarlar

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň dördünji oýun güni birbada iki sany iri hasaply ýeňlişi, soňky minutlarda dartgynly tomaşa öwrülen oýunlary we taryhy rekordlary getirdi....

13.06.2026 12:21
2.9k+

Amerikan talyby päsgelçilikli 110 m aralyga ylgamakda dünýä rekordyny goýdy

Amerikaly ýeňil atletikaçy Ja'Kobe Tarp ABŞ-nyň Milli talyp sport assosiasiýasynyň (NCAA) ýaryşynda päsgelçilikli 110 metr aralyga ylgamak boýunça dünýä rekordyny goýdy....

02.06.2026 17:37
5.2k+

Forbes: «Real» sport taryhyndaky iň köp girdeji gazanan klub boldy

Madridiň «Real» topary 2024/25-nji ýyl möwsüminiň jemleri boýunça 1,265 milliard dollar möçberinde girdeji gazanyp, sportuň ähli görnüşleriniň klublarynyň arasynda täze rekord goýdy....