Chevrolet Corvette ZR1-iň ilkinji nusgasy 3,7 mln dollara satyldy: asyl bahasyndan 21 esse gymmat

  • 30.01.2025 22:40
  • 5.4k+

ABŞ-nyň Barrett-Jackson auksionynda Chevrolet Corvette ZR1 superkarynyň ilkinji nusgasy satyldy. Seriýa belgisi VIN-001 bolan bu awtoulagy amerikaly işewür we kolleksioner Rik Hendrik 3,7 million dollara satyn aldy diýip, Carscoops habar berýär.

Şol bir wagtda, adaty Corvette ZR1 modelleri resmi taýdan 175 müň dollardan satylýar. Diýmek, satylan nusga köpçülikleýin öndürilen görnüşlerinden 21 esse has gymmada düşüpdir.
Hendrik bu ulag üçin hatda 2020-nji ýyllaryň başynda takmynan 3 million dollara düşen Bugatti Chiron giperkaryndan hem köpräk pul töledi.
Ilkinji Corvette ZR1-iň kuzowy ýalpyldawuk gara reňkde bolup, ol gök zolaklar we uglerod süýüminden edilen bezegler bilen bezelipdir. Onuň dizaýny gök reňkli teker diskleri bilen jemlenýär.
Chevrolet bu modeli geçen ýylyň iýul aýynda tanyşdyrdy, dekabr aýynda bolsa onuň häsiýetnamalaryny mälim etdi. Superkar 1064 at güýji bolan, gibrid tehnologiýasyz V8 hereketlendiriji bilen üpjün edilip, 96 km/s tizlige bary-ýogy 2,3 sekuntda ýetýär.
Şeýle-de bu auksiondan alnan girdejiniň ABŞ-nyň Gyzyl Haç jemgyýetine geçiriljekdigi bellenilip geçildi.

düýn 09:56
2.1k+

BMW, Mercedes-Benz, Volkswagen we Stellantis bir bitewi dolandyryş ulgamyny döredýärler

Ýewropanyň iň iri awtoulag öndürijileri bolan BMW, Mercedes-Benz, Volkswagen we Stellantis awtoulaglar üçin «Eclipse S-Core» dolandyryş ulgamyny bilelikde işläp düzmek barada ylalaşdylar. Bu taslama, hytaýly......

26.06.2026 00:00
2.7k+

10 minutlap sürüjisiz: Xiaomi YU7 GT «Nýurburingde» rekord goýdy

Xiaomi YU7 GT elektrokrossoweri «Nýurburing-Nordşlaýfe» ýoluny awtonom ýagdaýda (sürüjisiz) geçen ilkinji ulag boldy. Kompaniýanyň habar bermegine görä, maşyn 20,8 kilometrlik aýlawy 10 minut 29,483 sekuntda......

25.06.2026 08:11
1.9k+

Audi kompaniýasy ýolyşykda özi durýan täzelenen A3 hataryny hödürledi

Audi kompaniýasy täzelenen A3 awtoulag hataryny tanyşdyrdy. Bu hatara sedan, hetçbek we RS3 sport wersiýasy girýär. Esasy üýtgetmeler ulagyň içerki salonyna hem-de sürüjä kömek edýän elektron ulgamlara degişli......

24.06.2026 18:36
4.5k+

Ferrari sport ulaglary we elektromobilleri üçin sanly «mehanika» gutyny patentleşdirdi

Ferrari kompaniýasy transmissiýa bilen gönüden-göni mehaniki arabaglanyşygyň bolmagyna garamazdan, açyk kulisaly klassik mehaniki geçiriş gutusynyň işini gaýtalaýan transmissiýa selektoryna patent hasaba aldy....