Dünýä ummanlarynyň gyzmagy 40 ýylda dört esse tizleşdi

  • 30.01.2025 22:32
  • 4.5k+

Dünýä ummanlarynyň ýüzüniň temperaturasy her onýyllykda 0,27°C ýokarlanýar, bu bolsa 1980-nji ýyllaryň ahyry bilen deňeşdirilende dört esse çalt diýmekdir. Bu ýagdaý howanyň adaty bolmadyk üýtgemelerine getirýär we 2023-nji hem-de 2024-nji ýyllarda hasaba alnan iň ýokary temperaturalaryň sebäbini düşündirýär diýip, Beýik Britaniýanyň Reding uniwersitetiniň alymlarynyň geçiren barlaglaryna salgylanyp, Bloomberg habar berýär.

Hünärmenleriň bellemegine görä, indiki onýyllyklarda ýagdaý has-da erbetleşer.
Barlagyň awtory Kristofer Merçantyň aýtmagyna görä, suwuň gyzmagy deňizleriň ekosistemasyny zaýalaýar, balykçylyk pudagyna täsir ýetirýär hem-de betbagtçylykly howa hadysalaryny güýçlendirýär. Bu hadysalaryň arasynda tupanlar, suw joşmalary we tokaý ýangynlary bar.
2023-nji ýylda ummanlaryň temperaturasy 1981-2010 ýyllaryň orta görkezijisinden 0,6°C ýokary boldy. 2024-nji ýylda hem temperaturanyň ýokarlanmagy dowam etdi we täze howa rekordlarynyň goýulmagyna sebäp boldy.
Alymlar ummanlaryň has çalt gyzmagynyň sebäbini parnik gazlarynyň köpelmegi bilen baglanyşdyrýarlar. Daşky gurşaw we jemgyýet institutynyň müdiri Kim Kobb bu ýagdaýyň esasy sebäbiniň nebit we kömür ýaly gazylyp alynýan ýangyçlaryň ýakylmagy bilen baglanyşyklydygyny belleýär.
Klimatologlar atmosfera goýberilýän kömürturşy gazlarynyň (CO₂) mukdarynyň azaldylmadyk ýagdaýynda, ýagdaýyň has hem ýaramazlaşjakdygyny duýdurýarlar.
Mundan öň hem Ýewropanyň «Kopernik» howa gullugy, 2024-nji ýylyň howa gözegçilikleriniň taryhynda hasaba alnan iň yssy ýyl bolandygyny habar berdi. 2024-nji ýylda ýyllyk ortaça temperatura senagatlaşmadan öňki döwür (1850-1900-nji ýyllar) bilen deňeşdirilende 1,6°C dereje ýokarlandy. 2024-nji ýylyň iň yssy aýy iýul boldy. 10-njy iýulda planetanyň 44%-i aşa gyzgyn howanyň täsirine duçar boldy. 21-nji iýul bolsa howa gözegçilikleriniň taryhynda hasaba alnan iň yssy gün boldy.


14.06.2026 15:16
4.2k+

BSGG: Ýewropanyň yssy howasy dört ýylda 200 müň adamy heläk etdi

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG) Ýewropa býurosynyň direktory Hans Klýuge Ýewropada soňky dört ýylda aşa yssy howa zerarly 200 müňden gowrak adamyň heläk bolandygyny mälim etdi. Ol bu ýagdaýlaryň......

04.06.2026 17:40
10k+

Gyzylgum çölünde adatdan daşary ýagan ýagyşlardan soň köl emele geldi

Özbegstanyň Buhara welaýatynyň «Şurbulak» diýlen ýerinde soňky ýarym ýylyň dowamynda meýdany takmynan 80 inedördül kilometr bolan täze köl emele geldi. Bu suw howdanynyň döremegini sebitde ýagnyň mukdarynyň......

29.05.2026 23:56
6.7k+

Hemişelik doňaklygyň eremegi Kanadanyň arassa derýalaryny howply kislota akymlaryna öwürdi

Hemişelik doňaklyklaryň eremeginiň çaltlaşmagy sebäpli Demirgazyk Kanadadaky derýalaryň ýokary akymlary diýseň zäherlendi we posly açyk-mämişi reňke boýaldy....

26.05.2026 09:58
10k+

Klimatologlar: 2100-nji ýyla çenli dünýä ummany birnäçe uly şäheri suwa gark eder

Singapuryň Nanýang tehnologik uniwersitetiniň ýolbaşçylygynda halkara alymlar toparynyň geçiren barlaglaryna görä, eger atmosferany hapalaýan parnik gazlarynyň mukdary şu ýokary depgindeligine galsa, 2100-nji......