21-nji iýul howa gözegçilikleriniň taryhynda iň yssy gün boldy

  • 24.07.2024 16:09
  • 26k+

2024-nji ýylyň 21-nji iýuly howa gözegçilikleriniň taryhynda iň yssy gün boldy. Howanyň üýtgemegi boýunça Copernicus gullugy bu maglumaty tassyklaýar. Copernicus 1940-njy ýyldan bäri global howa şertlerini yzarlaýar.

Geçen ýekşenbe güni dünýädäki ýerüsti howanyň ortaça temperaturasy 17.09 gradusa ýetdi. Bu görkeziji, geçen ýylyň iýun aýynda bellenilen rekorddan (17,08) ýokarydyr.
Ýylylyk tolkunlary ABŞ-ny, Ýewropany we Russiýany gurşap aldy diýip, Reuters habar berýär. Copernicus-yň müdiri Karlo Buontempo, ýylylyk tolkunlarynyň bütin dünýäde ýaýramagy sebäpli şu hepdäniň başynyň ýekşenbe gününden has yssy bolup biljekdigini aýtdy.
Alymlar howanyň üýtgemegini, gazylyp alynýan ýangyçlaryň ýakylmagy bilen baglanyşdyrýarlar. 2023-nji ýylyň iýun aýyndan başlap, her aý geçen ýyllardaky aýlar bilen deňeşdirilende tayhdaky iň yssy aý bolýar.
Hünärmenler 2024-nji ýylyň temperatura nukdaýnazaryndan 2023-nji ýyldan geçip biljekdigini çaklaýarlar. Howanyň üýtgemegi we aprel aýynda tamamlanan El-Nino hadysasy temperaturanyň gün-günden ýokarlanmagyna sebäp bolýar.


04.06.2026 17:40
10k+

Gyzylgum çölünde adatdan daşary ýagan ýagyşlardan soň köl emele geldi

Özbegstanyň Buhara welaýatynyň «Şurbulak» diýlen ýerinde soňky ýarym ýylyň dowamynda meýdany takmynan 80 inedördül kilometr bolan täze köl emele geldi. Bu suw howdanynyň döremegini sebitde ýagnyň mukdarynyň......

29.05.2026 23:56
6.6k+

Hemişelik doňaklygyň eremegi Kanadanyň arassa derýalaryny howply kislota akymlaryna öwürdi

Hemişelik doňaklyklaryň eremeginiň çaltlaşmagy sebäpli Demirgazyk Kanadadaky derýalaryň ýokary akymlary diýseň zäherlendi we posly açyk-mämişi reňke boýaldy....

26.05.2026 09:58
10k+

Klimatologlar: 2100-nji ýyla çenli dünýä ummany birnäçe uly şäheri suwa gark eder

Singapuryň Nanýang tehnologik uniwersitetiniň ýolbaşçylygynda halkara alymlar toparynyň geçiren barlaglaryna görä, eger atmosferany hapalaýan parnik gazlarynyň mukdary şu ýokary depgindeligine galsa, 2100-nji......

23.05.2026 23:48
3.7k+

Global maýlamaklyk dünýäniň iň uly derýalarynda kislorodyň derejesini peseltdi

Hytaýyň klimatologlary soňky 40 ýylyň dowamynda Ýeriň iň uly derýalarynda ereýän kislorodyň konsentrasiýasynyň peselendigini habar berdiler. Barlagçylaryň çaklamalaryna görä, howanyň üýtgemegi häzirki......