Türkmenistanyň Bilim ministrliginde ABŞ-nyň ilçisi bilen duşuşyk geçirildi

  • 30.01.2025 17:30
  • 4.7k+

29-njy ýanwarda Türkmenistanyň Bilim ministrliginde Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistandaky ilçisi Elizabet Rud bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşykda taraplar bilim ulgamynda türkmen-amerikan hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak meseleleri boýunça pikir alyşdylar diýip, ministrlikde habar berdiler.

Şeýle hem taraplar iki ýurduň bilim edaralarynyň arasynda okuw maksatnamalaryny ösdürmek, mugallymlaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak we bilim hyzmatdaşlygyny giňeltmek ugrunda amala aşyrylýan tagallalary dowam etdirmegiň ähmiýeti barada gürrüň etdiler.
ABŞ-nyň ilçisi hanym Rud bilim başlangyçlaryny goldamaga taýýardygyny we täze okuw usullaryny ornaşdyrmak, iňlis dilini okatmagyň usulyýetini ösdürmek hem-de talyplar we mugallymlar üçin täze mümkinçilikleri döretmek maksady bilen hyzmatdaşlygy has-da giňeltmegiň ähmiýetlidigini belledi.
Taraplar bilim ulgamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy berkitmek hem-de hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmek boýunça özara gyzyklanmalaryny tassykladylar, bu bolsa adam maýasyny ösdürmäge we iki ýurduň arasyndaky akademiki gatnaşyklary çuňlaşdyrmaga hyzmat etjekdigi nygtaldy.


28.06.2026 23:39
3.8k+

Aşgabatda on sany talyp we mekdep okuwçysy «Hytaýyň ilçisiniň talyp hakyny» aldy

Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynda «Hytaýyň ilçisiniň talyp haky» baýragyny gowşurmak dabarasy geçirildi. Hytaý dilini, medeniýetini we däp-dessurlaryny öwrenmekde ýokary netijeleri......

28.06.2026 10:02
2.1k+

TOHU halkara ylmy-amaly elektron žurnaly neşir eder

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti «Türkmenistanda agroinnowasiýa» atly ylmy-amaly elektron žurnalyny neşir edip başlar. Degişli teklibi Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow......

26.06.2026 20:41
2.1k+

Türkmenistanyň bilim ministri Yrak Respublikasynyň wekili bilen hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň Bilim ministrliginde Jumamyrat Gurbangeldiýewiň Yrak Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Jassim Mohammed Al-Attar bilen duşuşygy......

25.06.2026 19:18
4.2k+

Türkmen uniwersiteti bilen Finlýandiýa özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti bilen Finlýandiýanyň HAUS Döwlet Dolandyryş Instituty hem-de Laurea Amaly Ylymlar Uniwersiteti Özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi. Dabara göni......