Milliard girdeji gazanan «Moana 2» multfilmi onlaýn platformalarda elýeterli boldy

  • 30.01.2025 15:17
  • 3.4k+

Disney-iň «Moana 2» multifilmi resmi ýagdaýda akym platformalarynda elýeterli boldy diýip, People neşiri habar berýär.

Taslama dünýä boýunça prokatda 1,026 milliard dollar girdeji gazandy.
Filmiň mazmuny polineziýaly şa gyzy Moananyň täze başdan geçirmelerini gürrüň berýär. Baş keşpleri Aulii Krawalo we Dueýn Jonson seslendirdi.
Film tankytçylaryň dürli-dürli garaýyşlaryna garamazdan uly meşhurlyga eýe boldy: Rotten Tomatoes sahypasynda reýtingi 62% boldy, Metacritic-de bolsa 100 baldan 58 bal gazandy.


Ýatlatsak, Disney häzirki wagtda asyl «Moana» multifilminiň hakyky surata düşürilen görnüşiniň (remeýkiniň) üstünde işleýär. Kinofilmde Mauiniň keşbini ýene-de Dueýn Jonson janlandyrar. Ýöne Moananyň keşbini başga aktrisa – 17 ýaşly awstraliýaly Ketrin Laga’aýýa ýerine ýetirer. Bu bolsa onuň uly göwrümli kinofilmlerdäki ilkinji keşbi bolar.


şu gün 11:08
781

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» taryhda iň çykdajyly film diýlip ykrar edildi

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» (Мир Юрского периода: Господство) filmi taryhda iň gymmat düşen kino taslamasy diýlip yglan edildi. «Fortune» neşiriniň maglumatlaryna görä, Universal Pictures......

düýn 09:56
2.1k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....

düýn 09:53
1.6k+

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......

17.06.2026 11:26
2.3k+

"Melgun Prada geýýär" milliard dollarlyk film franşizasyna öwrüldi

"Melgun Prada geýýär" filminiň dünýä boýunça umumy kassa girdejisi 1 milliard dollardan geçdi. Bu barada Variety žurnaly ýazýar....