Saud Arabystany Er-Riýadyň eteginde 200 metr belentlikde özboluşly stadion gurýar

  • 30.01.2025 13:31
  • 11k+

Geçen ýyl Saud Arabystanynda mirasdüşer şazada Muhammed bin Salman adyndaky köp maksatly stadionyň taslamasy hödürlenildi. Täze stadion Er-Riýad şäheriniň golaýyndaky 200 metr beýiklikdäki Tuwaýk gaýasynyň depesinde ýerleşer. Stadionyň gurluşygy Saud Arabystanynyň dynç alyş we syýahatçylyk megataslamasy bolan Kiddiýanyň çäginde amala aşyrylar.

Bu stadion dünýäde ilkinji bolup doly birleşdirilen hereketli meýdançalar, öwrülýän üçekler we LED diwarlar bilen enjamlaşdyrylar. LED diwarlarda stadionyň içinde bolup geçýän ýokary hilli göni ýaýlymlar, täsirli wakalar we lazer şüweleňleri görkeziler. Diwaryň açylmadyk wagty, Kiddiýa şäheriniň ajaýyp görnüşi tomaşaçylara hödürlener.
Bu täsirli desganyň gurluşygy 2029-njy ýylda tamamlanar we stadion 46979 tomaşaça hyzmat eder. Şeýle hem, bu stadion 2034-nji ýylda geçiriljek FIFA Dünýä çempionatynyň meýdançalarynyň biri bolar. Bu çempionada Saud Arabystany eýeçilik eder we 2034-nji ýylyň 12-nji ýanwaryndan 19-njy fewralyna çenli dowam eder. Şeýle hem stadion Saud Arabystanynyň ýokary ligasy bolan Saud Premýer ligasynyň toparlary «Al-Hilýal» we «Al-Nasr» üçin öý meýdançasy hökmünde hyzmat eder.
Stadionyň gurluşyk işleri, 120 ýyldan gowrak tejribesi bilen dünýä belli ispan gurluşyk kompaniýasy FCC Construcción we Saud Arabystanynyň Nesma & Partners Contracting kompaniýasy tarapyndan alnyp barylýar.


20.03.2026 11:19
11k+

Saud Arabystanynda Dünýä çempionaty — 2034 üçin ägirt stadionyň gurluşygy görkezildi

Saud Arabystanynda Kiddiýadaky şazada Muhammet bin Salmanyň köpugurly stadionynyň gurluşygyndan täze suratlar hödürlendi. Bu stadion 2034-nji ýylda geçiriljek futbol boýunça dünýä çempionatynyň esasy meýdançalarynyň biri hökmünde görülýär...

10.03.2026 13:50
9k+

Dubaý, Jidda we Abu-Dabi şäherlerine gatnawlar aprele çenli ýatyryldy

Eýran Yslam Respublikasynyň howa giňişligindäki çäklendirmeler sebäpli, uçuşlaryň howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen «Türkmenistan» awiakompaniýasy 2026-njy ýylyň 9-njy martyndan 1-nji apreline çenli aşakdaky...

20.02.2026 11:25
2.4k+

Saud Arabystanynyň Humain kompaniýasy Maskyň xAI-na $3 mlrd maýa goýýar

Saud Arabystanynyň emeli aň pudagynda ýöriteleşen Humain kompaniýasy Ilon Maskyň xAI startapyna 3 milliard dollar maýa goýdy.  Bu maýa goýumy xAI-iň SpaceX tarapyndan satyn alynmagyndan az wagt öň tamamlanan 20 milliard dollarlyk maliýeleşdiriş tapgyrynyň çäginde durmuşa geçdi...

19.02.2026 18:49
13k+

Saud Arabystany Türkmenistana 5 tonna hurma gowşurdy

2026-njy ýylyň 18-nji fewralynda Saud Arabystany Patyşalygynyň Aşgabatdaky Ilçihanasynda ýetip gelen Oraza aýy mynasybetli ynsanperwerlik sowgadyny gowşurmak dabarasy boldy. Iki Mukaddesligiň Hyzmatkäri, Saud Arabystanynyň Patyşasynyň adyndan Türkmenistanyň hökümetine hijri senenamasynyň 1447-nji ýylynyň hasyly bolan 5 tonna hurma gowşuryldy...