Jeki Çan täze filminiň surata düşürmek işlerini tamamlady: pensioner tehnologiýa garşy göreşýär

  • 29.01.2025 19:02
  • 14k+

Jeki Çanyň gatnaşmagynda The Shadow’s Edge (“Kölegäniň çeti”) filmini surata düşürmek işleri tamamlandy. 70 ýaşly gonkongly aktýor täze filmde pensioner hünärmeniň roluny ýerine ýetirdi, ol ogrularyň toparyny tutmak üçin adaty derňew usullaryny ulanýar.

Deadline neşiriniň materialynda aýdylyşy ýaly, ýaş detektiwler topary jenaýatçylardan baş çykaryp bilmeýär we kömege Çanyň gahrymany gelýär. Film gözlemegiň “köne mekdebi” bilen sanly innowasiýalaryň arasyndaky gapma-garşylygy görkezýär.
Bu Çan bilen hytaýly režissýor Larri Ýanyň ikinji bilelikdäki işidir. Mundan öň olar “Kung-fu bedew” (Кунг-фу жеребец) komediýasynyň (2023) üstünde işleşdi. Täze film Hytaýyň günortasyndaky Makaoda surata düşürildi.
Ýaşyna garamazdan, Çan žanryň muşdaklary üçin görelde bolup galýar. Režissýorlar onuň söweş ussatlygyna, çylşyrymly hereketlerine we komediýa zehinine bil baglaýar.
Ýatlap geçsek, Jeki Çan – dünýäde iň tanymal aziýaly aktýorlaryň biri. Ol 150-den gowrak filmde surata düşdi.


düýn 20:14
1.7k+

Baş keşpde Hýu Jekman bilen «Robin Guduň ölümi» filminiň dünýä premýerasy boldy

Şu gün bütin dünýäde Hýu Jekmanyň baş keşbi ýerine ýetirmeginde «Robin Guduň ölümi» (The Death of Robin Hood) filminiň prokaty başlandy....

düýn 11:08
2.2k+

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» taryhda iň çykdajyly film diýlip ykrar edildi

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» (Мир Юрского периода: Господство) filmi taryhda iň gymmat düşen kino taslamasy diýlip yglan edildi. «Fortune» neşiriniň maglumatlaryna görä, Universal Pictures......

18.06.2026 09:56
2.3k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....

18.06.2026 09:53
1.8k+

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......