Audi 45 gradusa çenli kötelleri we ýapgytlary ýeňip geçip bilýän wnedorožniginiň nusgasyny hödürledi

  • 29.01.2025 15:55
  • 7.9k+

Audi kompaniýasy Q6 Sportback e-tron krossoweriniň binýadynda döredilen konseptual SUV Audi Q6 e-tron awtoulagyny hödürledi. Bu entek diňe Audi elektrik ulaglarynyň ýolsuz ýerlerde mümkinçiliklerini görkezýän prototip bolsa-da, onda käbir adaty bolmadyk bölekler bar.

Awtoulag bilelikde 517 at güýjüni öndürýän iki sany elektrik hereketlendirijisi bilen enjamlaşdyrylandyr. Emma awtoulagda esasy ünsi özüne çekýän zat – bu ýörite işlenip taýýarlanan portal okly podweska. Onuň kömegi bilen awtoulag 45 gradusa çenli kötelleri we ýapgytlary ýeňip geçmäge ukyply.


Ýolsuz ýerlerden geçişiniň hilini gowulandyrmak üçin ýerden beýikligi 160 mm artdyryldy, teker yzy 250 mm giňeldi. Şeýle-de,  täze podweska tekerlere torky 50% ýokarlandyrýar. Emma awtoulagyň iň ýokary tizligi sagatda 175 km bilen çäklendirildi.
Audi-iň ýolbaşçysy Gernot Dýollneriň sözlerine görä, Q6 e-tron off-road konsepti elektrik ulagy platformasynyň mümkinçiligini görkezýär we tekerleri doly hereketlendiriji quattro ulgamyna täzeçe garaýyş hasaplanýar.

“Bu awtoulag täze sepgitleri eýeläp biler. Müşderilerimiziň bu emosional  awtoulag baradaky seslenmelerine sabyrsyzlyk bilen garaşýarys" – diýip, ulagyň ilkinji synag sürülişinden soň Dýollner mälim etdi.


09.05.2026 13:31
2.1k+

Brendiň halkasyz ikinji modeli bolan kaşaň AUDI E7X krossoweri ilkinji gezek görkezildi

Pekiniň awtoulag sergisinde AUDI E7X elektrik krossoweriniň resmi taýdan görkezilişi boldy....

27.04.2026 01:41
5.6k+

Milanyň dizaýn hepdeliginde 2026-njy ýylyň iň owadan awtoulaglary saýlanyldy

Milanyň dizaýn hepdeliginde Auto&Design žurnaly tarapyndan her ýyl gowşurylýan Car Design Award 2026 baýragynyň ýeňijileri  yglan edildi. Dabara ADI Design Museum muzeýinde geçirildi....

01.04.2026 16:47
3.5k+

Iri awtoöndürijiler köpçülikleýin elektromobillere geçmekden saklanýarlar

Dünýäniň azyndan 12 sany iri awtomobil öndürijisi elektromobil çykarmak baradaky meýilnamalaryna täzeden seretdiler. Olaryň bu babatdaky maksatnamasyny gysgaldanlary-da, ondan doly ýüz öwrenleri-de bar diýip,......

13.03.2026 17:49
8.2k+

2026-njy ýylyň iň garaşylýan awtoulaglary

Motor1 neşiri 2026-njy ýylyň ahyryna çenli awtomobil bazaryna çykarylmagyna garaşylýan iň täze awtoulag modelleriniň sanawyny çap etdi. Bu sanawa dürli ugurlardaky modeller, şol sanda benzinli, gibrid hem-de doly elektrikli ulaglar girizildi...