Daşkentde Türki döwletleriň halkara uniwersiteti açylar

  • 29.01.2025 13:48
  • 3.3k+

Özbegistanyň paýtagtynda Türki döwletleriň halkara uniwersiteti dörediler. Degişli permana Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew gol çekdi diýip, “Norma” portaly habar berýär.

Daşkentde täze ýokary okuw mekdebi türki dünýäsiniň ýurtlarynyň arasyndaky gatnaşyklary berkitmäge ýardam eder we inženerlik, gurluşyk, logistika, IT, lukmançylyk, oba hojalygy, azyk senagaty, ykdysadyýet we sosial ylymlar ýaly möhüm ugurlarda hünärmenleri taýýarlar.
Bilim maksatnamalary daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleri, şol sanda Türkiýäniň abraýly uniwersitetleri bilen bilelikde işlenip taýýarlanar.
Ýokary okuw mekdebi bilelikdäki ylmy gözlegleri geçirer we halkara bilim hem ylmy guramalar bilen hyzmatdaşlygy ýola goýar. Talyplar akademiki işjeňlik maksatnamalaryna gatnaşyp biler.
Uniwersiteti esaslandyryjylar Özbegistanyň Respublikan ýokary bilim geňeşi we Türkiýäniň Ýokary bilim geňeşi bolar. Okuw dünýä reýtingleriniň top-1000-ine girýän türk ýokary okuw mekdepleriniň maksatnamalary esasynda 2025/2026-njy okuw ýylynda başlar.
Bilim tölegli-şertnama esasynda gurnalar. Kabul ediş ölçeglerini we okuwyň bahasyny uniwersitetiň özi kesgitlär. Ýokary okuw mekdebini ýörite döredilen geňeş dolandyrar.


05.02.2026 22:58
2.9k+

Türkmenistan Bişkekdäki B5+1 forumynyň çäklerinde SpaceX bilen hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy

2026-njy ýylyň 4-5-nji fewralynda Türkmenistanyň maliýe we ykdysadyýet ministri M. Astanagulowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Bişkekde geçirilen ikinji B5+1 işewürlik forumyna gatnaşdy. Forum Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we ABŞ-nyň döwlet edaralarynyň hem-de işewürlik toparlarynyň wekillerini ýygnady...

02.02.2026 00:53
2.6k+

Hywada suw hojalyk meseleleri boýunça türkmen-özbek hökümetara toparynyň mejlisi geçirildi

30-njy ýanwarda Hywada Suw hojalyk meseleleri boýunça bilelikdäki türkmen-özbek hökümetara toparynyň bäşinji mejlisi geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berdi...

29.01.2026 15:36
2.6k+

Özbegistanyň Aşgabatdaky ilçihanasynda «Özbegistan — 2030» strategiýasynyň tanyşdyrylyşy boldy

28-nji ýanwarda Özbegistan Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň binasynda täzelenen «Özbegistan — 2030» strategiýasynyň tanyşdyrylyşy geçirildi. Brifingiň dowamynda diplomatik wekilhananyň ýolbaşçysy Rawşanbek Alimow metbugat wekillerini goňşy döwletiň durnukly ösüşiniň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitleýän resminamanyň esasy maksatlary bilen tanyşdyrdy...

30.12.2025 16:22
6.8k+

Gurbanguly Berdimuhamedow Şawkat Mirziýoýew bilen 2026-njy ýyl üçin özara gatnaşyklaryň meýilnamalaryny maslahatlaşdy

29-njy dekabrda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşligiň barşynda Gurbanguly...