Arctic Trucks ýerden beýikligi artdyrylan Land Cruiser Prado-ny hödürledi

  • 29.01.2025 09:43
  • 6.9k+

Tebigat hem ýolsuz ýerler üçin niýetlenen off-road modifikasiýalary bilen meşhur bolan Arctic Trucks ussahanasy Toyota Land Cruiser Prado (LC 250) üçin täze týuning-kit işläp taýýarlady. Täzelik barada Motor1 neşiri habar berdi.

AT37 taslamasy R53 Suspension hünärmenleriniň gatnaşmagynda işlenip taýýarlanyldy we 2025-nji ýylyň ikinji çärýeginde önümçilige giriziler. Bu «kämilleşdirilen» ulagy käbir ýurtlarda resmi Toyota dilerleriniň (şahamçalarynyň) üsti bilen satyn alyp bolar.
Esasy üýtgeşmeler asma ulgamyna degişli boldy. Ýolsuz ýerler üçin niýetlenen ulaga ýeke turbaly amortizatorlar, gidrawlik togtadyjylary bolan täze ýaýlar we 17 dýuýmlyk guýma disklere 37 dýuýmlyk BFGoodrich tigirler ýerleşdirildi. Munuň netijesinde ulagyň ýerden beýikligi 40 mm (jemi 261 mm) galdy. Şeýle hem ulagyň tigirleriniň aralyklarynyň giňeldilendigi we teker bazasynyň uzaldylandygy habar berilýär.

Daşky görnüşi boýunça Prado AT37 üýtgedilen bamperleri, teker arkalarynyň giňeldijileri we 10 sany elementden ybarat täze kuzow toplumy bilen tapawutlanýar.
Salony bolsa, kämilleşdirilen interýer we täze transmissiýa selektory bilen tapawutlanýar.
Modifikasiýalaryň bahasy barada maglumatlar häzirlikçe elýeterli däl.


07.06.2026 19:49
2.6k+

Toyota "Lexus LF-ZC" modelini tapgyrlaýyn öndürmekden ýüz öwürdi

Toyota kompaniýasy ozal 2027-nji ýylda bazara çykarylar diýlip meýilleşdirilen "Lexus LF-ZC" elektrik awtoulagyny tapgyrlaýyn öndürmek meýilnamalaryndan ýüz öwürdi. "Nikkei" agentliginiň habar bermegine görä,......

05.06.2026 00:37
8k+

Toyota gizlenýän gapy tutawaçlarynyň täze görnüşini oýlap tapdy

Toyota kompaniýasy awtoulaglaryň daşky görnüşini we howpsuzlygyny ýokarlandyrmaga niýetlenen gizlenýän gapy tutawaçlarynyň täze gurluşyny patentledi. Patent arzasy ABŞ-nyň Patentler we haryt nyşanlary edarasy......

04.06.2026 17:27
3.1k+

Mazda ýaş sürüjiler üçin iň gowy ulaglaryň reýtinginde birinji orna çykdy

Amerikanyň IIHS we "Consumer Reports" guramalary tarapyndan taýýarlanan ýetginjekler üçin iň howpsuz awtoulaglaryň ýyllyk reýtinginde "Mazda" garaşylmadyk ýagdaýda lider boldy....

04.06.2026 14:32
3k+

Toyota Yaris Cross täzelenenden soň Ýewropadaky bahalaryna hem täzeden seredildi

Toyota täzelenen Yaris Cross krossoweriniň Ýewropa bazary üçin bahasyny yglan etdi. Täzelenenden soň, esasy baha 200 ýewro arzanlady we indi 31 695 ýewrodan başlaýar....