«Supermen» filminiň täze tizer-treýleri çykdy

  • 28.01.2025 12:22
  • 4k+

Warner Bros. kompaniýasy «Supermen» filminiň täze tizer-treýlerini hödürledi. Režissýor Jeýms Gann tarapyndan düşürilen film 2025-nji ýylyň 11-nji iýulynda prokata çykar diýip, Forbes neşiri habar berýär.

Filmde baş gahrymanyň keşbini Dewid Korenswet ýerine ýetirýär. Filmde DC äleminiň iň meşhur gahrymanynyň gelip çykyşy barada gürrüň berler. Filmde tanymal artistler Reýçel Brosnahen (Lois Leýn), Nikolas Holt (Leks Lýutor), Neýtan Fillion, Izabella Mersed, Frank Grillo we beýlekiler çykyş edýärler.
Filmiň ssenariýasyny režissýor Gannyň özi ýazdy. Supermeniň keşbini iň soňky gezek Genri Kawill janlandyrypdy. Ondan öň bu keşbi Kristofer Riw we Brendon Rut hem ýerine ýetiripdiler.


şu gün 11:08
1.1k+

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» taryhda iň çykdajyly film diýlip ykrar edildi

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» (Мир Юрского периода: Господство) filmi taryhda iň gymmat düşen kino taslamasy diýlip yglan edildi. «Fortune» neşiriniň maglumatlaryna görä, Universal Pictures......

düýn 09:56
2.1k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....

düýn 09:53
1.6k+

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......

17.06.2026 11:26
2.3k+

"Melgun Prada geýýär" milliard dollarlyk film franşizasyna öwrüldi

"Melgun Prada geýýär" filminiň dünýä boýunça umumy kassa girdejisi 1 milliard dollardan geçdi. Bu barada Variety žurnaly ýazýar....