Ilon Maskyň kompaniýasy Las-Wegasda Tesla üçin täze “metro” açdy

  • 28.01.2025 12:03
  • 6.9k+

Ilon Maskyň The Boring Company kompaniýasy Las-Wegasda tunelleriniň täze şahasyny açdy. Bu şaha Tesla awtoulaglaryna ýokarky ýolda ulag dykynlary we awtoulag duralgasynyň ýetmezçiligi sebäpli, 25 minut töweregi wagt alýan ýoly iki minutda geçmäge mümkinçilik berer diýip, KTNV belleýär.

Tuneller iki sany dar, aýry "turbalar" görnüşinde. Olar 12 metre çenli çuňlukdan geçirilip, häzirlikçe sürüjili dolandyrylýan Tesla Model 3 we Model Y awtoulaglary üçin niýetlenendir. Emma kompaniýa olary 2025-nji ýylyň ahyryna çenli awtonom  režime geçirmegi meýilleşdirýär.
Täze şaha Westgate Resort mynmanhanasyny esasy tunel toruna birleşdirýär.
Täze stansiýa ulgamda altynjy stansiýa boldy. The Boring Company kompaniýasy olaryň birinjisini 2021-nji ýylda açypdy we eýýäm şol wagt taslamanyň bahasy 52 million dollardan geçdi.

Doly kuwwatynda işlände täze bölüm sagatda 4400 ýolagçyny gatnatmaga ukyplydyr. Emma tor entek doly güýjünde ulanylmaýar. Umuman alanyňda, tamamlanan ulgam şäheriň esasy ýerlerini, şol sanda howa menzilini we esasy söwda merkezlerini birleşdirýän 55 stansiýasy bolan 109 kilometri öz içine alar diýlip garaşylýar. Tutuş toplum sagatda 90 müňden gowrak ýolagçyny daşap biler.
Taslamada kynçylyk ýok däl: The Boring Company kompaniýasy zähmet düzgünlerini bozandygy üçin birnäçe gezek jerime tölemeli boldy. Şeýle hem bu kompaniýa howpsuzlyk bilen bagly meseleler sebäpli-de hökümetiň ünsüni özüne çekdi, sebäbi her ýyl tunele girmäge rugsat berilmedik pyýadalaryň, hatda awtoulaglaryň hem girmegi bilen bagly onlarça hadysa hasaba alynýar. Olaryň hemmesi tunele tötänden düşendiklerini tassyklaýarlar.


şu gün 19:53
512

Google gurluşykçy we elektrik hünärleri okuwyna $50 mln gönükdirmekçi

Google kompaniýasy «Google.org» gaznasy arkaly ABŞ-nyň 20-den gowrak ştatynda işçi hünärleri boýunça okuw maksatnamalaryna 50 million dollar gönükdirer. Kompaniýa bu taslamanyň çäginde 300 müňden gowrak......

15.06.2026 12:34
1.5k+

Paramount-yň Warner Bros.Discovery-ny satyn almagyna ýene bir böwet aradan aýryldy

ABŞ-nyň Adalat ministrligi Paramount Skydance kompaniýasy tarapyndan Warner Bros. Discovery-ny satyn almak boýunça 111 milliard dollarlyk şertnamany makullady....

13.06.2026 09:33
10k+

Eger ABŞ DÇ-2026-da ýeňiji bolsa, Jeep 100 sany wnedorožnigi sowgat berer. Emma birje ýönesi bar...

Amerikanyň Jeep brendi Futbol boýunça dünýä çempionatynyň şanyna adaty bolmadyk watançylyk mahabat kampaniýasyny başlady. Kompaniýa eger ABŞ-nyň topary çempionatda ýeňiş gazansa, 100 sany Jeep Wrangler......

10.06.2026 16:26
6.1k+

ABŞ-nyň kazyýeti iş wizalary üçin 100 müň dollarlyk tölegi ýatyrdy

ABŞ-nyň federal kazyýeti prezident Donald Trampyň administrasiýasy tarapyndan H-1B wizalaryny almak üçin arza berilende girizilen 100 müň dollarlyk mejbury tölegi kanunalaýyk däl diýip ykrar etdi. Bu barada......