Internetde täze Toyota RAV4-üň suraty peýda boldy

  • 28.01.2025 11:04
  • 5k+

Internetde täze nesil Toyota RAV4 Hybrid awtoulagynyň suraty peýda boldy. GAC-Toyota bilelikdäki kärhanasynyň maslahatynyň dowamynda düşürilen surat Weibo hytaý platformasynda ýerleşdirildi.

Awtomobiliň dizaýny öň gizlin düşürilen suratlary hödürlän BestCar ýapon neşiriniň renderleri bilen gabat gelýär.
Täzelenen RAV4 balary öýjükleriniň stilindäki radiator gözenegine, burçly gapdal çyzyklara, täze ýeňil erginden ýasalan disklere hem-de Camry we C-HR modelleri bilen meňzeş LED yşyklandyryşyna eýe boldy.
Krossower täzelenen TNGA-K platformasynyň netijesinde gibrid, plagin-gibrid we elektrik wersiýalarda elýeterli bolar. Ýaponiýa we Awstraliýa ýaly käbir ýurtlarda benzin görnüşleri doly aýrylar.
Şol bir wagtyň özünde, Hytaýda çykarylan wersiýa global wersiýadan tapawutlanyp biler.
Täze awtoulagyň 2026-njy ýylyň ahyrynda hödürlenmegine garaşylýar.


şu gün 14:05
2.6k+

Toyota we Nissan ABŞ-da ýygnalan ulaglarynyň aýratynlyklary barada duýdurdy

Toyota we Nissan ýaponiýaly alyjylary ABŞ-da öndürilen ulaglarynda bolup biljek aýratynlyklar barada habardar etdi. Gürrüň, ABŞ-dan Ýaponiýa import edilýän «Toyota Tundra», «Toyota Highlander» we «Nissan......

şu gün 08:16
2.2k+

Toyota ekranlardaky näsazlyk sebäpli Hytaýda 9 müňden gowrak Land Cruiser Prado ulagyny yzyna çagyrýar

«FAW-Toyota» bilelikdäki kärhanasy Hytaýda ýerli önümçilikdäki «Land Cruiser 250 (Prado)» wnedorožnikleri üçin yzyna çagyryş kampaniýasynyň başlanandygyny yglan etdi. Hytaýa import edilýän meňzeş platformaly......

21.06.2026 21:15
4.8k+

Toyota rekord derejedäki satuwlara garamazdan, model sanyny azaltmak isleýär

Toyota kompaniýasy rekord derejedäki satuw görkezijilerine garamazdan, awtoulaglaryň model we görnüş sanyny azaltmagy, ünsüni bolsa iň köp isleg bildirilýän hem-de düşewüntli ugurlara gönükdirmegi......

16.06.2026 09:57
6.1k+

Toyota Ýewropada Hilux modeliniň täze neslini tanyşdyrdy

Toyota kompaniýasy Ýewropada Hilux pikapynyň dokuzynjy neslini görkezdi. Bu model öňki rama gurluşyny we ýolsuz ýerlerde hereket etmek mmükinçiliklerini saklap galdy, ýöne doly täzelenen dizaýna, sanly......