Bred Pitt “Haýwan ýüregi” filminde baş keşpde çykyş eder we onuň prodýuseri bolar

  • 27.01.2025 16:49
  • 7.2k+

Amerikaly aktýor Bred Pitt “Haýwan ýüregi” (Сердце зверя) başdangeçirmeler ekşn filminde baş keşbi janlandyrar we onuň prodýuseri bolup çykyş eder. Bu barada Deadline neşiri habar berdi.

Filmiň režissýory “Aryçy” (Пчеловод) we “Öz janyna kast edijileriň topary” (Отряд самоубийц)  filmleri bilen tanalýan Dewid Eýer bolar. Lenta Paramount Pictures studiýasy tarapyndan Plan B Entertainment prodakşen kompaniýasy bilen bilelikde çykarylar. 
Film awiaheläkçilikden soň Alýaskanyň ýowuz şertlerinde diri galmak üçin göreşýän ýörite maksatly harby toparyň öňki esgeri we onuň pensiýa çykan söweşjeň iti barada gürrüň berer.
Filmiň ssenariýasyny klipmeýker Kemeron Aleksandr ýazdy. Ol hem Demýen Şazell (La-la Lend) ýaly beýleki birnäçe prodýuser bilen bilelikde “Haýwan ýüregi” filminiň prodýuseri bolup çykyş eder.
Eýer we Pitt üçin bu ilkinji hyzmatdaşlyk däl. 2014-nji ýylda olar “Gazap” (Ярость) filmini çykardy. Ol Ikinji jahan urşunyň soňky günleri howply missiýany ýerine ýetirýän tank ekipažy barada gürrüň berýär.


şu gün 11:08
781

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» taryhda iň çykdajyly film diýlip ykrar edildi

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» (Мир Юрского периода: Господство) filmi taryhda iň gymmat düşen kino taslamasy diýlip yglan edildi. «Fortune» neşiriniň maglumatlaryna görä, Universal Pictures......

düýn 09:56
2.1k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....

düýn 09:53
1.6k+

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......

17.06.2026 11:26
2.3k+

"Melgun Prada geýýär" milliard dollarlyk film franşizasyna öwrüldi

"Melgun Prada geýýär" filminiň dünýä boýunça umumy kassa girdejisi 1 milliard dollardan geçdi. Bu barada Variety žurnaly ýazýar....