Inženerler emeli «kebelek ganatlaryny» döretdiler

  • 27.01.2025 16:37
  • 4.6k+

Germaniýaly alymlar kebelekleriň ganatlarynyň hereketlerinden ylham alyp, elektroniki gurluşlar bolmazdan işleýän magnit ganat tehnologiýasyny işläp düzdüler diýip, Tech Xplore neşiri habar berýär.

Darmştadt tehniki uniwersitetiniň we Gelmgolts Drezden-Rossendorf adyndaky Merkeziň inženerleri magnit meýdanlary arkaly işleýän robot ganatlary döretdiler. Kebelekleriň ganatlarynyň aýratynlyklaryna esaslanýan bu enjam, elektroniki gurluşlar ýa-da batareýalar bolmazdan takyk hereketleri ýerine ýetirmegi başarýar.
Alymlar bu tehnologiýa üçin şa kebelekleriň biologiýasyndan ylham aldylar. Robotyň ganatlary çeýe plastmassadan we magnit bölejiklerinden ýasalan. Daşky magnit meýdanlarynyň täsirinde ol ganatlar epilip, tebigy hereketleri ýüze çykarýar.
Inženerler 3D (üç ölçegli) çap ediji arkaly işlenip düzülen 12 sany dürli ganat gurluşyny synagdan geçirdiler. Şolaryň arasynda, şa kebelekleriniň ganatlaryna mahsus bolan tebigy damarlaryň gurluşyny täzeden döretmek taslamanyň esasy tapgyry boldy.
Bu tehnologiýa geljekde daşky gurşawyň gözegçiliginde, gözleg we halas ediş operasiýalarynda hem-de lukmançylykda giňden ulanylyp bilner.


düýn 08:10
4.2k+

Barlaglar kalsiniň we D witamininiň süňkler üçin peýdalydygyny tassyklamady

Kanadaly alymlar kalsiniň, D witamininiň ýa-da ikisiniň utgaşmasynyň yzygiderli kabul edilmeginiň gartaşan adamlaryň köpüsinde süňk döwülmeleriniň we ýykylmalaryň töwekgelçiligini azaltmaga täsiriniň azdygyny......

21.06.2026 16:08
3.5k+

Kofehanadan ýangyç gaba: Günorta Koreýada kofe çökündisini ýangyja öwürmegiň usuly tapyldy

Günorta Koreýanyň Ýer ylymlary we mineral serişdeler institutynyň barlagçylary çygly we ulanylan kofe galyndysyny bary-ýogy 90 sekundyň içinde ýokary kaloriyaly bio-kömüre öwürmäge mümkinçilik berýän täze usul......

20.06.2026 10:01
4.2k+

Ylmy barlaglar sungata öwrülende: Iş başyndaky alymyň surat bäsleşiginiň ýeňijileri

Nature žurnaly her ýyl geçirilýän Scientist At Work surat bäsleşiginiň netijelerini yglan etdi we 2026-njy ýylyň iň gowy bäş suratyny görkezdi. Ähli işler alymlaryň özleri tarapyndan surata düşürilipdir....

19.06.2026 19:32
3.2k+

Goşmaça ýarym milliard ýyl peýda boldy: alymlar Ýerdäki ösümlikleriň gyryljak möhletini yza süýşürdi

Hünärmenler örän uzak geljekde Ýerdäki global prosesleri suratlandyrýan üç ölçegli klimat modelini gurup, gury ýerdäki ösümlikleriň ýene-de 1,35-den 1,87 milliard ýyla çenli ýaşap biljekdigini anyklady. Bu......