Fujitsu dünýäde iň ýeňil noutbugy çykardy - FMV Note U

  • 27.01.2025 14:41
  • 2.1k+

Fujitsu kompaniýasy dünýäde iň ýeňil noutbugy – FMV Note U modelini hödürledi. Bu noutbugyň agramy bary-ýogy 0,85 kg bolup, ýylyň başynda Asus tarapyndan hödürlenen 0,98 kg agramly Zenbook A14 modelinden örän ýeňil we güýçli diýip, Gizmochina habar berýär.

FMV Note U modeli 14 dýuýmlyk, 1920x1200 piksel durulykda, ýalpyldama garşy ekran bilen enjamlaşdyrylan. Enjam Intel Ultra 7 prosessorlarynyň (Core Ultra 7 256V ýa-da 258V modelleri) iň täze nesilleri bilen işleýär. RAM-yň (operatiw ýadyň) mukdary 32 GB-a çenli ýetýär. Grafiki prosesler üçin integrirlenen Intel Arc Graphics 140V bilen enjamlaşdyrylyp, ornaşdyrylan güýçli neýroprosessor (NPU) esasynda emeli aň işleýiş mümkinçiliklerini 47 TOPS-a çenli ýetirýär.
Maglumatlary saklamak üçin ulanyjylar 256 GB-dan 2 TB-a çenli SSD konfigurasiýalaryny saýlap bilýärler. Enjam Windows 11 Home ýa-da Pro ulgamlarynyň öňünden gurnalan görnüşi bilen hödürlenýär.
FMV Note U häzirki zaman aragatnaşyk standartlaryny hödürleýär: Wi-Fi 7, iki sany Thunderbolt 4-i goldaýan USB Type-C porty, Ethernet, HDMI we iki sany USB 3.2 Gen1 porty bar. Şeýle hem, enjam Windows Hello bilen utgaşykly barmak yzy skaneri ýaly goşmaça howpsuzlyk çäreleri bilen üpjün edilýär.
Noutbugyň batareýasy garaşmak režiminde 36 sagada çenli, dyngysyz wideo görlende bolsa takmynan 15,5 sagat işläp bilýär. Çalt zarýad almak aýratynlygy batareýanyň kuwwatyny bary-ýogy bir sagadyň içinde 80%-e çenli doldurýar, hatda gerek bolsa, ony smartfon arkaly hem zarýadlap bolýar.
Agramynyň ýeňildigine garamazdan, FMV Note U modeli MIL-STD-810H standartlaryna laýyk gelýän berklik synaglaryndan üstünlikli geçdi. Bu ony mehaniki zeperlere we agram basyşlaryna çydamly edýär.
FMV Note U häzirki wagtda diňe Ýaponiýada 214 müň ýenadan (takmynan 1366 dollardan) satuwa çykaryldy. Enjam gara reňkde hödürlenýär we üç ýyllyk kepillik bilen üpjün edilýär.
Beýleki sebitlerde haçan satuwa çykaryljakdygy barada häzirlikçe maglumat ýok.


14.02.2026 18:31
7.4k+

Sönmez yşyk: Kaliforniýada 125 ýyl bäri ýanyp duran lampa syýahatçylary haýran edýär

Kaliforniýanyň ýangyn söndüriş bölümleriniň birinde 1901-nji ýylda ýakylan lampa henizem işläp dur. Daily Mail neşiriniň ýazmagyna görä, şol sebäpli bu ýer syýahatçylaryň arasynda meşhur ýerleriň birine öwrüldi...

09.01.2026 11:28
6.4k+

Hytaý dünýäniň iň çalt otlusyny jemleýji synaglara taýýarlaýar

2026-njy ýylda dünýäniň iň çalt elektrik otlusy bolan CR450 ýolagçy gatnawlaryna rugsat almak üçin iň soňky "ulanylyş bahalandyrmasyndan" geçer. Hytaýyň China Railway Rolling Stock Corporation (CRRC) korporasiýasy demir ýol infrastrukturasyna 520 milliard ýuan maýa goýmagy we 2000 kilometrden gowrak täze ýoly işe girizmegi meýilleşdirýär...

26.12.2025 09:16
7.7k+

Hytaýly inženerler magnitli platformany 2 sekuntda 700 km/s tizlige çykardylar

Hytaýda geçirilen synaglaryň barşynda köp tonnalyk elektromagnit dartyş güýji bilen işleýän wagon-platformany bary-ýogy iki sekundyň içinde 700 km/s tizlige çykarmak başartdy. CCTV-niň habar bermegine görä, bu görkeziji şeýle gurluşlar üçin dünýä rekordy boldy...

23.12.2025 18:27
5.8k+

Ýaponiýa lazer aragatnaşygy arkaly 2 Tbit/s tizlikde maglumat geçirip, dünýä rekordyny goýdy

Ýaponiýanyň Milli maglumat we kommunikasiýa tehnologiýalary instituty (NICT), şäher gurşawynda lazer şöhlesiniň kömegi bilen maglumatlary 2 Tbit/s tizlikde üstünlikli geçirip, erkin giňişlikdäki optiki aragatnaşyk (FSO) boýunça dünýä rekordyny yglan etdi...