YouTube mahabat bloklaýjylary ulanýanlara birnäçe sagatlyk mahabatlary görkezip başlady

  • 27.01.2025 12:14
  • 3.6k+

YouTube wideo platformasy mahabat bloklaýjylary (ad blocker) ulanýanlara birnäçe sagat dowam edýän we geçip bolmaýan mahabatlary görkezip başlady diýip, Android Authority habar berýär.

Google bu ýagdaýyň öz işi bilen baglanyşyklydygyny boýun aldy.

«Mahabat - döredijilerimiziň işini dolandyrmagyna we ösdürmegine kömek edýän möhüm girdeji çeşmesidir. Şol sebäpdenem, mahabat bloklaýjylary ulanmaklyk YouTube Hyzmat şertlerimiziň bozulmagyna sebäp bolup durýar. Mahabat blokirlaýjylary ulanýan tomaşaçylarymyzy mahabatlara rugsat bermäge ýa-da mahabatsyz görmek üçin YouTube Premium-y synap görmäge höweslendirmek üçin global kampaniýa başlatdyk» diýip, YouTube düşündiriş berdi.

YouTube, adatça, görmän geçip bolmaýan wideomahabatlaryň diňe 15 sekunt bilen çäklendirilýändigini düşündirdi. Şeýle-de kompaniýa mahabatlary bloklamaga synanyşýan ulanyjylary ýüze çykarmak hem-de olara bu programmalardan ýüz öwürtmek boýunça edýän tagallalaryny hem boýun aldy. Eger bu ýagdaý dowam etse, Google wideolary görkezmegi düýpli ýatyrmaga haklydygyny belledi.
Google bu ýagdaýy mahabat bloklaýjylary ulanýan ulanyjylara garşy soňky çynlakaý çäre hökmünde häsiýetlendirdi. Eger-de has çylşyrymly çözgütlere geçmek zerurlygy ýüze çyksa, Google şeýle ulanyjylaryň profillerini dolulygyna gadagan etmäge taýýardygyny nygtady.


14.06.2026 14:07
3.5k+

MrBeast YouTube-da agzalary 500 milliona ýeten ilkinji bloger boldy

Jimmi «MrBeast» Donaldson YouTube platformasynda 500 million yzarlaýjy görkezijisine ýeten ilkinji bloger boldy. Ol bu pursaty platformada göni ýaýlymda görkezdi....

30.05.2026 11:28
1.5k+

YouTube ulanyjynyň islegi boýunça wideo saýlamagy öwrendi

YouTube wideohostingi emeli aňyň kömegi bilen wideolaryň şahsy lentalaryny döretmegiň täze funksiýasyny işe girizdi. Indi saýlama wideolaryň ýygyndysyny döretmek üçin ulanyja diňe isleýän kontentiniň tekstli......

20.05.2026 10:19
1.5k+

YouTube we Snap sosial ulgamlaryň okuwçylara täsiri baradaky kazyýet işini kadalaşdyrdylar

YouTube wideohostingi we Snap kompaniýasy Kentukki ştatynyň Breýsitt mekdep okrugynyň platformalary kämillik ýaşyna ýetmedikleriň ruhy saglygyna sosial ulgamlaryň ýaramaz täsirinde aýyplan kazyýet işi boýunça......

19.05.2026 21:42
5.1k+

Ronaldu DÇ-2026-yny YouTube-da mugt görkezjek strimingde paý satyn aldy

Saud Arabystanynyň «Al-Nasr» klubunyň hüjümçisi Kriştianu Ronaldu Braziliýanyň CazeTV platformasy bilen baglanyşykly bolan LiveModeTV halkara media taslamasynda paý satyn aldy. Bu şertnama futbolçynyň 2026-njy......