Ýaponiýa kosmosda lazer aragatnaşygy boýunça rekord goýdy: 40 000 km we 1,8 Gbit/s

  • 27.01.2025 11:21
  • 3.1k+

Ýaponiýanyň aerokosmos gözlegleri agentligi (JAXA) we NEC korporasiýasy hemralaryň arasynda lazer aragatnaşygynyň tizligi boýunça rekord goýdular, olar maglumatlary 1,8 Gbit/s tizlik bilen 40 000 km aralyga iberdi.

Bu netije adaty radio tolkunlarynyň mümkinçiliklerinden ep-esli ýokarydyr. Şeýle görkezijiler Ýeri uzak aralykdan barlamak üçin niýetlenen DAICHI-4 hemrasyny we geostasionar orbitadaky optiki hemra-retranslýatory ulanmak bilen, LUCAS (Laser Utilizing Communication System) taslamasynyň çäginde gazanyldy. Täze tejribede 1,5 mkm tolkun uzynlygy aralygynda lazer aragatnaşyk tehnologiýasy ulanyldy.  
Taslama Ýere gözegçilik baradaky maglumatlary geostasionar hemra arkaly bir aragatnaşyk seansynda ýerüsti stansiýa ibermäge mümkinçilik berdi, bu hem Arktika we Afrika ýaly kyn sebitlerde maglumat almagy ep-esli tizleşdirýär. Radio aragatnaşygyndan tapawutlylykda, lazer şöhleleri ýokary geçirijilik ukybyny üpjün edýär we päsgelçiliklere az sezewar bolýar.
Bu üstünlik kosmos aragatnaşygyny ösdürmek üçin täze gözýetimleri açýar hem-de gämi gatnawlaryna gözegçilik we howpsuzlygy üpjün etmek ýaly global sosial meseleleri çözmäge ýardam eder.
JAXA we NEC kosmos ulgamlary üçin lazer tehnologiýasyny kämilleşdirmegi dowam etdirer.


düýn 08:02
1.8k+

Litiý-keramiki batareýalaryň täze nesli 1000 km uçuşlary amala aşyrmaga mümkinçilik berer

Taýwanyň batareýa öndüriji ProLogium kompaniýasy we Niderlandlaryň Elysian Aircraft aerokosmos kompaniýasy hyzmatdaşlyk şertnamasyna gol çekdiler. Hyzmatdaşlar uly ýolagçy elektrik uçarlarynda ulanmak üçin......

düýn 07:48
1.3k+

Ýewropada gaýtadan ulanylýan «Space Rider» kosmos gämisiniň synaglary togtadyldy

Ýewropanyň Kosmos agentligi geljegi uly bolan gaýtadan ulanylýan «Space Rider» kosmos gämisiniň synaglaryny taýýarlyk döwründe ýüze çykan garaşylmadyk ýagdaý sebäpli yza süýşürdi....

23.06.2026 13:48
3.7k+

Saud Arabystanynda kosmosy öwrenmek üçin daşdan ajaýyp toplum gurlar

Britaniýanyň Heatherwick Studio binagärlik şereketi kosmosy öwrenmek üçin niýetlenen desganyň we syýahatçylyk merkeziniň funksiýalaryny birleşdirjek innowasion toplum bolan AlUla Manara taslamasy bilen......

22.06.2026 14:38
3.9k+

Mars Express Marsyň jülgelerinde 30 sany tozan "şeýtanyny" surata aldy

Mars Express orbita stansiýasy Marsdaky Mamers Valles sebitiniň — takmynan 1000 kilometre uzalyp gidýän giň jülgeler ulgamynyň — täze, detallaýyn suratyny Ýere iberdi. Suraty has ýakyndan öwrenenden soň,......