11 ýaşly türkmen tennisçisi Sülgün Işangulyýewa Dubaýda «TEN-PRO» ýaryşynda ýeňiji boldy

  • 27.01.2025 10:45
  • 6.9k+

11 ýaşly türkmen tennisçisi Sülgün Işangulyýewa Dubaýda (Birleşen Arap Emirlikleri) geçen «TEN-PRO Global Junior Tour» halkara ýaryşynyň ýeňijisi boldy. Bu barada "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron neşiri habar berýär.

Bu bäsleşik U10, U11, U12, U13, U14, U15 we U16 ýaş toparlaryna degişli bolan zehinli tennisçiler üçin her ýyl Ýewropadaky, Afrikadaky, Awstraliýadaky, Ýakyn Gündogardaky we ABŞ-daky dünýäniň iň gowy tennis akademiýalarynda geçirilýän 14 sany halkara ýaryşdan ybaratdyr.
2018-nji ýylyň ýanwar aýyndan bäri «TEN-PRO» ýaş tennis zehinlerine utjakdyklaryna ýa-da utuljakdyklaryna garamazdan, azyndan 4 ýa-da 8 oýun oýnamaga mümkinçilik berýän, şeýlelik bilen-de olary halkara derejede yzygiderli tejribe toplamak mümkinçiligi bilen üpjün edýän «TEN-PRO» reýting ulgamydyr.
Dubaýdaky «TEN-PRO Global Junior Tour» 2009 – 2017-nji ýyllar aralygynda doglan zehinli oglan-gyzlar üçin aýry-aýry ýedi ýaş toparlarynda dünýäniň dürli künjeginden gelen zehinli oglan-gyzlar üçin geçirildi.
Sülgün Işangulyýewa bäsleşigiň deslapky tapgyrynda iki topara bölünen, 2013-nji ýylda doglanlardan uly bolmadyk 11 gyzyň baş baýrak ugrunda bäsleşýän U11 toparynda ýeňiji boldy. Ol «B» toparçadaky ýaryşda alžirli Haýa Duadini 6:0, 6:0, BAE-den Antonina Troninany 6:3, 6:3, russiýaly Ýewa Petinowany 6:4, 6:2 we gazagystanly Kamila Bilýalowany 6:1, 6:1 hasap bilen utup, ýeňiji boldy, finalda bolsa «A» toparçanyň ýeňijisi gruziýaly A.Beradzeden 6:2, 6:1 hasabynda üstün çykdy we çempionlyk kubogyndan başga-da baýrak hökmünde «FILA» markaly sport lybasyna-da mynasyp boldy.
Sülgün Işangulyýewa tennis bilen meşgullanmaga 4 ýaşynda başlady. Eýýäm 9 ýaşynda halkara ýaryşlarda ilkinji üstünligini gazandy. Şonda ol Dubaýda geçirilen «TEN-PRO Global Junior Tour» ýaryşynda U10 kategoriýasynda ikinji orny eýeledi. 10 ýaşynda bolsa Stambulda (Türkiýe) geçen «Güýz kubogynda» birinji orna mynasyp boldy.


Bu üstünlikden soň, türkmenistanly ýaş ezber tennisçi, Fransiýanyň meşhur Tennis akademiýasynyň ünsüni özüne çekdi. Akademiýany 1996-njy ýylda dünýäniň iň ezber tennisçisiniň, «Altyn tuwulga» baýragynyň eýesiniň, şeýle hem dört Olimpiýa oýunlarynyň altyn medalyny alan Serena Williamsyň (ABŞ), Markos Bagdatisiň (Kipr), Anastasiýa Pawlýuçenkowanyň (Russiýa), Naomi Osakanyň (Ýaponiýa) we beýleki köp sanly tennisçileriň halypasy meşhur fransuz tälimçisi Patrik Muratoglu döredipdi.
«Muratoglu tennis akademiýasynyň» tejribeli hünärmenleriniň ýolbaşçylygynda bir aýlap dowam eden türgenleşikler Sülgün üçin peýdaly boldy. Ol geçen ýyl Azerbaýjanyň milli lideri Haýdar Alyýewiň hatyrasyna bagyşlanan 12 ýaşa çenli türgenleriň arasynda Bakuwda geçirilen tennis ýaryşynda, ukrainaly Waleriýa Litwin bilen bilelikde çykyş edip, ikinji ýeri eýeledi, soň bolsa Doha şäherinde geçirilen «3-rd Qatar Asian Junior Tournament 14&U» ýaryşynda Aýnur Annamyradowa bilen bolan bäsleşikde-de üstünlik gazandy. Şondan iki aý öň iň ýaş türgenleriň biri hökmünde S.Işangulyýewa 14 ýaşa çenli oýunçylaryň arasynda «Aşgabat Open 2024» halkara ýaryşynda ýekelikde bürünç medal gazandy. Indi bolsa Dubaýda geçen «TEN-PRO Global Junior Tour» ýaryşynda deň-duşlarynyň arasynda iň ezberi boldy.
Sülgün bu ýaryşlara «Aşgabat» tennis akademiýasynyň tejribeli tälimçileriniň ýolbaşçylygynda taýýarlandy. Häzirki wagtda ol Türkmenistanyň (14 ýaşa çenli) zenanlar milli ýygyndy toparynyň agzasy.


25.05.2026 15:19
2.2k+

Türkmen karateçileri Germaniýada geçirilen halkara ýaryşda 9 medal gazandy

2026-njy ýylyň 22-23-nji maýynda Germaniýanyň Bad-Nouhaým şäherinde kiokuşinkaý karate boýunça halkara çempionat geçirildi. Onda Türkmenistanyň ýygyndy topary dürli ýaş we agram derejelerinde altyn, kümüş......

23.05.2026 16:21
10k+

On adam üçin 1,4 milliard dollar: Forbes sport dünýäsiniň henizem weteranlar tarapyndan dolandyrylýandygyny görkezdi

Forbes žurnalynyň şu ýylky iň köp hak tölenýän türgenler boýunça reýtingi sportuň rowaýaty türgenleriniň 40 ýaşdan soň hem ýaş super ýyldyzlardan köp pul gazanýandygyny görkezdi....

21.05.2026 19:23
3.2k+

Türkmen karateçileri Bad-Nauhaýmda geçiriljek halkara çempionatyna ugrady

Türkmenistanyň kiokuşinkaý karate boýunça milli ýygyndy topary Germaniýanyň Bad-Nauhaým şäherinde geçiriljek International Championship halkara ýaryşyna gatnaşmak üçin ugradylar....

21.05.2026 11:27
3.2k+

Türkmen agyr atletikaçylary Aziýa çempionatynda bir kümüş we dört bürünç medal aldy

2026-njy ýylyň 9-17-nji maýy aralygynda Hindistanyň Gandinagar şäherinde geçirilen agyr atletika boýunça Aziýa çempionatynda Türkmenistanyň ýygyndy topary üstünlikli çykyş etdi. Türkmen türgenleri bu abraýly......