2024-nji ýylda dünýäde awtomobil satuwy 2,1% ýokarlandy. Hytaý - öňde

  • 27.01.2025 10:17
  • 4.4k+

2024-nji ýylda ýeňil we ýeňil täjirçilik awtoulaglarynyň global satuwy 88 637 460 birlige ýetdi. Bu 2023-nji ýyl bilen deňeşdirilende, 2,1% köpdür diýip, GlobalData habar berýär.

Dünýäde satuw boýunça öňdebaryjy Hytaý bolup, 2024-nji ýylda bu ýerde 25,5 mln awtomobil satyldy. Görkeziji ondan öňki ýyl bilen deňeşdirilende 1,1% ýokarydyr. ABŞ-da satuw 15,95 mln awtoulag boldy we bu hem 2023-nji ýylyň görkezijisinden 2,6% artyk gelýär.
Günbatar Ýewropa ýurtlarynyň awtoulag bazarlary ýylyň jemi boýunça 0,9% ösüş görkezip, 13,4 mln satylan awtomobil görkezijisine ýetdi. Şol bir wagtyň özünde, Gündogar Ýewropa ýurtlary uly ösüş görkezdi – 15,3%, 4,5 mln awtomobile çenli.
Günorta Amerikada hem awtomobil satuwy oňyn dinamikany görkezdi. Satuw 10,4% ýokarlanyp, 2 873 235 awtomobile ýetdi.
Dünýäniň beýleki uly awtobazarlarynyň arasynda Ýaponiýany (4 383 959 birlik; -7,6%), Kanadany (1 809 594 birlik; +7%) we Günorta Koreýany (1 598 394 birlik; -6,7%) bellemek bolar. 

düýn 09:56
2.1k+

BMW, Mercedes-Benz, Volkswagen we Stellantis bir bitewi dolandyryş ulgamyny döredýärler

Ýewropanyň iň iri awtoulag öndürijileri bolan BMW, Mercedes-Benz, Volkswagen we Stellantis awtoulaglar üçin «Eclipse S-Core» dolandyryş ulgamyny bilelikde işläp düzmek barada ylalaşdylar. Bu taslama, hytaýly......

26.06.2026 00:00
2.7k+

10 minutlap sürüjisiz: Xiaomi YU7 GT «Nýurburingde» rekord goýdy

Xiaomi YU7 GT elektrokrossoweri «Nýurburing-Nordşlaýfe» ýoluny awtonom ýagdaýda (sürüjisiz) geçen ilkinji ulag boldy. Kompaniýanyň habar bermegine görä, maşyn 20,8 kilometrlik aýlawy 10 minut 29,483 sekuntda......

25.06.2026 08:11
1.9k+

Audi kompaniýasy ýolyşykda özi durýan täzelenen A3 hataryny hödürledi

Audi kompaniýasy täzelenen A3 awtoulag hataryny tanyşdyrdy. Bu hatara sedan, hetçbek we RS3 sport wersiýasy girýär. Esasy üýtgetmeler ulagyň içerki salonyna hem-de sürüjä kömek edýän elektron ulgamlara degişli......

24.06.2026 18:36
4.5k+

Ferrari sport ulaglary we elektromobilleri üçin sanly «mehanika» gutyny patentleşdirdi

Ferrari kompaniýasy transmissiýa bilen gönüden-göni mehaniki arabaglanyşygyň bolmagyna garamazdan, açyk kulisaly klassik mehaniki geçiriş gutusynyň işini gaýtalaýan transmissiýa selektoryna patent hasaba aldy....