Sinner finalda Zwerewi utup, Australian Open-iň ýeňijisi boldy

  • 26.01.2025 23:15
  • 3k+

Italiýaly tennisçi Ýannik Sinner Awstraliýannyň Açyk çempionatynyň (Australian Open) ýeňijisi boldy. Ol finalda germaniýaly Aleksandr Zwerewi utdy. Melburnda geçirilen ýaryşyň aýgytly oýny 6:3, 7:6 (7:4), 6:3 hasabynda tamamlandy.

23 ýaşly Sinner Professional tennisçileriň assosiasiýasynyň (ATP) reýtinginde birinji orny eýeleýär. Türgeniň hasabynda indi guramanyň howandarlygynda geçirilen ýaryşlarda 19 ýeňiş bar. 2024-nji ýylda tennisçi Awstraliýanyň Açyk çempionatynda we ABŞ-nyň Açyk çempionatynda ýeňiji boldy. 2023-nji we 2024-nji ýyllarda Sinner Italiýanyň milli ýygyndysynyň düzüminde Dewisiň Kubogynyň eýesi boldy.
Zwerew 27 ýaşynda bolup, dünýä reýtinginde ikinji orny eýeleýär. Onuň hasabynda ATP-niň howandarlygyndaky ýaryşlarda 23 ýeňiş bar. Onuň üçin bu “Uly tuwulga” ýaryşlarynda üçünji final boldy. Öň, ol ABŞ-nyň Açyk çempionatynyň (2020) we Fransiýanyň Açyk çempionatynyň (2024) finallaryna çykdy. Zwerew Tokioda geçirilen Olimpiýa oýunlarynyň çempionydyr.
Awstraliýanyň Açyk çempionaty möwsümde birinji “Uly tuwulga” ýaryşy bolup, hard kortunda geçirilýär. Ýaryşyň baýrak gaznasy 59,7 mln dollardan geçýär.


18.06.2026 10:24
1.1k+

Asteroide tennisçi Ýannik Sinneriň ady dakyldy

Halkara astronomiýa bileleşigi Mars we Ýupiter planetalarynyň arasynda, ýagny esasy guşaklykda ýerleşýän asteroide italiýaly tennisçi Ýannik Sinneriň adyny dakdy....

08.06.2026 12:41
2.1k+

Aleksandr Zwerew we Mirra Andreýewa «Rolan Garros» ýaryşynyň ýeňijileri boldy

Nemes tennisçisi Aleksandr Zwerew we russiýaly Mirra Andreýewa Parižde tamamlanan, baýrak gaznasy 61 million ýewrodan gowrak bolan möwsümiň ikinji «Uly tuwulga» ýaryşy — «Rolan Garrosyň» ýeňijileri boldy....

06.06.2026 11:31
3.6k+

Serena Wilýams professional tennise dolanýar

Serena Wilýams tas dört ýyllyk arakesmeden soň professional tennise dolanyp gelýär. Amerikan türgeni Londonda geçiriljek WTA 500 ýaryşynyň jübütleýin görnüşine gatnaşmak üçin ýörite çakylyk aldy....

03.06.2026 17:49
4.3k+

8 ýaşly türkmen tennisçisi Gazagystandaky ýaryşda iki altyn medal gazandy

Türkmenistandan sekiz ýaşly tennisçi Alyhan Nurýagdyýew 25-nji we 30-njy maý aralygynda Gazagystanyň Aktobe şäherinde geçirilen «Aktobe Masters 10&Under GA Road to TOP 8» halkara ýaryşynda iki sany altyn......