Huawei Hytaý Täze ýyly mynasybetli Pura 70 Ultra-nyň çäklendirilen mukdaryny çykardy

  • 26.01.2025 20:40
  • 6k+

Huawei kompaniýasy Hytaýyň Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli Pura 70 Ultra smartfonynyň ýörite wersiýalaryny çykardy.

Täze önümler Red Edition (“Gyzyl wersiýa”) we Black Edition (“Gara wersiýa”) diýlip atlandyryldy. Esasy tapawutly tarapy - özboluşly dizaýny.
Gyzyl modeliň arka paneli “gözenek çyzmyk” nagyşly deriden edilen we kameranyň  moduly bolsa altyn öwüşginli ýalpyldawuk örtük bilen bezelen. Gara wersiýa ýalpyldysyz metal üst gatlagy bilen tapawutlanýar.
Gizmochina portalynyň maglumatlaryna görä, Täze ýyl nusgalaryny Huawei-iň resmi Weibo kanallary we VMall onlaýn dükany arkaly eýýäm sargyt edip bolýar. Ilkinji 30 alyjy bir jübüt FreeBuds 5i nauşnigini we Pura 70 üçin gelşikli daşlyk torbajygy alar.
Enjamlaryň tehniki häsiýetnamasy öňküligine galdy. Smartfonda 120Hz täzelenme tizlikli 6,8 dýuým OLED ekran, 5200mAh batareýa we 100W çalt zarýad beriş, 80W simsiz zarýad beriş we 20W rewersiw goldawy bar. Smartfon IP68 standartyna laýyklykda suwdan we tozandan goralýar, şeýle hem USB Type-C birleşdirijisi bilen enjamlaşdyrylandyr.
Smartfonyň kamerasy üç modul bilen görkezilýär: 50 MP esasy datçik, 40 MP ultra giň burçly obýektiw we 50 MP makro-teleobýektiw. Selfi üçin 13 megapikselli dürli hili surata alyş režimli ultra giň burçly sensory bar.
Smartfon hemra aragatnaşygyny, galtaşyksyz töleg funksiýalaryny we şekili gaýtadan işlemek üçin emeli aň esasly gurallary goldaýar.
Enjam satyn alnandan soň derrew HarmonyOS NEXT-iň indiki wersiýasyna çenli täzeleniş mümkinçilikli HarmonyOS 4.2 -de işleýär.
Pura 70 Ultra-nyň Täze ýyl wersiýalary gelşikli dizaýn bilen ýokary tehnologiýaly enjamlaryň sazlaşygyny hödürleýär.


düýn 11:17
4.3k+

Hytaýda Min nesilşalygynyň synmagy Filippinlerdäki tebigy betbagtçylyk bilen baglanyşdyryldy

Filippinlerde 1640-njy ýylda bolup geçen Parker wulkanynyň atylmagy Hytaýda Min nesilşalygynyň synmagyna täsir eden esasy şertleriň biri bolup biler. Bern uniwersitetiniň Taryh institutynyň gözlegçisi Riçard......

düýn 10:28
1.2k+

Mejlisde Hytaýyň ilçisi bilen duşuşyk geçirildi

Türkmenistanyň Mejlisinde milli Parlamentiň wekilleriniň Hytaý Halk Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi bilen duşuşygy boldy. Bu barada Mejlisiň metbugat gullugy habar berýär....

11.06.2026 14:01
8.4k+

Türkmenistanyň we Hytaýyň alymlary Garagum çölüne ekspedisiýa gurady

Türkmenistanyň we Hytaýyň alymlary Garagum çölünde bilelikdäki ylmy-gözleg ekspedisiýasyny geçirdi....

10.06.2026 08:04
10k+

Hytaýly raýat 32 gaty bolan binanyň 34-nji gatyndan öý satyn aldy

Hytaýyň Şensi welaýatynyň ýaşaýjysy ahyrynda binada bary-ýogy 32 gatyň bardygy belli bolandan soň, gurulýan binanyň 34-nji gatyndan satyn alan öýi üçin tölän serişdelerini kazyýet arkaly yzyna almaly boldy....