Insaýderler iPhone 17 Pro barada möhüm maglumatlary paýlaşdylar

  • 26.01.2025 20:03
  • 10k+

Insaýderler Weibo platformasynda geljekki iPhone 17 Pro barada jikme-jiklikleri paýlaşdylar. Syzdyrylan maglumatlara görä, smartfonyň kamerasy täze dizaýna we täzeden işlenip düzülen öň paneline eýe bolar.

Esasy täzelikleriň biri aýna-alýumin arka paneline gurlan kese matrisa kamerasydyr. Apple iPhone 11 Pro çykarandan bäri ilkinji gezek başgaça çemeleşmäni ulanýar. Kamera üç obýektiwi saklar: esasy we giň burçly modullar çepde ýerleşer hem-de periskopik zumly teleobýektiw bolsa sagda bolar.
Öň panelde hem üýtgeşmeler bolar. Superlinz tehnologiýasynyň kömegi bilen Dynamic Island-iň meýdany kiçelip, ekranda has köp giňişligi boşadar, şonuň bilen bir wagtda Face ID funksiýasy üýtgewsiz galar.

Smartfon has gowulaşdyrylan öndürijiligi we energiýa netijeliligini hödürleýän A19 çipi bilen üpjün ediler. Şeýle hem enjam 1TB-e çenli ýat we 5G goldawyny hödürlär, bu bolsa smartfonyny gaýgyrman ulanýan oýunçylar, suratçylar we işewür ulanyjylar üçin amatly bolar.
Model hatarynyň üýtgedilip guruljakdygy öňem mälim edilipdi. Plus wersiýasy iPhone 17 Air bilen çalşyrylar. Myş-myşlara görä, Dynamic Island funksiýasy üçin goldaw aljakdygy aýdylýan iPhone SE 4-e hem täzelenme taýýarlanýar.


13.03.2026 16:33
3.1k+

Tim Kuk Apple ulanyjylaryna ýüzlendi: «Elli ýyl ozal kiçijik bir garažda uly pikir dünýä indi…»

2026-njy ýylyň 1-nji aprelinde Apple kompaniýasynyň döredilenine 50 ýyl dolýar we kompaniýa bu sene mynasybetli birnäçe çäreleri hem-de uly tanyşdyryşlary taýýarlaýar. Apple-iň baş direktory Tim Kuk bu möhüm senäniň gelerine garaşyp durman, kompaniýanyň saýtynda Apple-iň enjamlaryndan we hyzmatlaryndan peýdalanýanlaryň ählisine gönükdirilen açyk haty çap etdi...

09.03.2026 19:31
1.1k+

Apple Music EA tarapyndan döredilen aýdym-saza bellik girizmäge başlar

Apple Music hyzmaty emeli aň arkaly döredilen kontente bellik goýmaga başlar. Bu barada NME neşiri habar berýär. Täze düzgünlere görä, distribýutorlar saz, tekst, klip ýa-da obložka döredilende emeli aňyň ulanylandygyny ýa-da ulanylmandygyny görkezmeli bolarlar...

02.03.2026 22:21
5.1k+

Apple arzan bahaly iPhone 17e modelini tanyşdyrdy: satuw 11-nji martda başlar

Apple kompaniýasy özüniň elýeterli smartfon hatarynyň täze modelini — iPhone 17e smartfonyny hödürledi. Täze model öňki iPhone 16e modeliniň dizaýnyny we ekranyň ölçegini saklap galdy. Hususan-da, smartfonda öňküsi ýaly ýokarsy gönüburç «oýukly» ekran ulanylýar...

27.02.2026 19:22
1.3k+

App Store dükanynda ulanyjylaryň ýaşyny tassyklaýan täze ulgamlar işe girizildi

Beýleki köp sanly iri kompaniýalaryň mysalyna eýerip, Apple dürli döwletleriň we sebitleriň kanunçylyk talaplaryna laýyk gelmek maksady bilen App Store dükanynda ulanyjynyň ýaşyny barlaýan ýörite gurallary işe girizdi...