BAE-de dünýäde iň uly Gün energiýasyny toplaýjy elektrik stansiýasy gurlar

  • 26.01.2025 18:20
  • 6.8k+

Birleşen Arap Emirlikleri 5,2 gigawat kuwwaty bolan Gün energiýasyny toplaýjy dünýäde iň uly stansiýanyň gurluşygyna başlady. Onuň aýratynlygy 19 million kilowat-sagat kuwwaty bolan litiden edilen toplaýjylaryň görlüp-eşidilmedik uly toplumy bolar.

Taslamany 2027-nji ýyla çenli tamamlanmak meýilleşdirilýär. Gurluşygyň bahasy 6 milliard dollar bolar. Taslamany býujetiň çäklerinde durmuşa geçirmek başartsa, Arap ýarym adasy ýaly Günden energiýa öndürmek üçin amatly howa şertli ýurtlarda şuňa meňzeş başlangyçlaryň ösmegini çaltlaşdyryp biler.
Stansiýa 90 inedördül kilometr meýdany eýelär we 1 gigawat kuwwatlylygy, şol sanda gijelerine hem durnukly generasiýany üpjün eder. Şeýle-de bolsa, hünärmenleriň baha bermegine görä, energiýa toplaýjylar öndürijiligiň  diňe gündelik üýtgemelerini düzlemäge ukyply, Gün işjeňliginiň möwsümleýin üýtgemeleri bolsa çözülmän galar.
Ambisiýalaryna garamazdan, BAE-nyň energiýa pudagy gaz we ýadro energiýasy ýaly dürli çeşmelere bil baglamagy dowam etdirer. Öňümizdäki ýyllarda ýurduň energiýa ulgamynda Gün energiýasynyň paýy çäkli bolmagynda galar.


düýn 18:16
3.8k+

Fransiýada elektrik energiýasynyň bahasy noldan hem aşak düşdi

Fransiýada Gün energiýasynyň rekord derejede öndürilmegi sebäpli, elektrik energiýasynyň bahasy noldan hem aşak düşdi....

29.04.2026 16:01
2.1k+

BAE OPEK we OPEK+ nebit bileleşiginden çykýar

Birleşen Arap Emirlikleri (BAE) 1-nji maýdan başlap, OPEK we OPEK+ bileleşiginden çykýar diýip, Reuters habar berýär....

25.04.2026 16:03
3.5k+

Türkmenistanyň BAE-däki ilçisi Kuweýtde-de ilçi bellenildi

Türkmenistanyň Birleşen Arap Emirliklerindäki (BAE) Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Baýram Akmyradowiç Baýramow, şol bir wagtyň özünde Türkmenistanyň Kuweýt Döwletindäki ilçisi wezipesine bellenildi....

13.04.2026 00:13
4.9k+

Gurbanguly Berdimuhamedow Energetika we howa boýunça halkara Wena forumyna gatnaşdy

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Awstriýa amala aşyran saparynyň dowamynda Energetika we howa boýunça halkara Wena forumyna gatnaşdy. Bu barada «TDH» habar berýär....