Hans Zimmer Saud Arabystanynyň täze döwlet senasynyň üstünde işlär

  • 26.01.2025 17:47
  • 3.8k+

Saud Arabystany tanymal nemes kinokompozitory Hans Zimmere döwlet senasynyň täze wersiýasynyň üstünde işlemegi tabşyrdy. Bu barada Saud Arabystanynyň Baş güýmenjeler müdirliginiň başlygy Turki Alalşihe salgylanýan The Guardian habar berýär.

Alalşih X-da: "Biz ýakyn günlerde dünýä çykar diýip umyt edýän geljekki taslamalarymyz.., şol sanda saud döwlet senasynyň dürli saz gurallaryna salynjakdygy barada köp gürrüň edipdik” diýip ýazdy.
Saud Arabystanynyň döwlet gimni “Aş al-Malik” (“Ýaşasyn, Patyşa!”) 1947-nji ýylda şa Abdulaziziň haýyşy boýunça müsürli kompozitor Abdul Rahman al-Hatib döredildi.
“Şa Ýolbars”, “Dýuna” we “Gara rysar” filmlerine ýazan saundtrekleri bilen tanalýan Zimmer taslamanyň “umumy deslapky nusgalaryny” taýýarlamaga razy boldy.
Resmi çeşmäniň sözlerine görä, gepleşiklerde “Arabystan” atly mýuzikliň döredilmegi, şeýle hem ýakyn wagtda çykjak “Ýarmuk söweşi” filminiň konserti we saundtreki barada hem aýdyldy.

"Biz bu taslamalaryň umumy meýilnamalary barada ylalaşdyk we olar barada gutarnykly ylalaşyga geleris diýip umyt edýärin" – diýip, Alalşih sözüniň üstüni ýetirdi .


22.04.2026 15:42
10k+

Saud Arabystany Mekgä girmegiň düzgünlerini güýçlendirdi we jerimeleri girizdi

Saud Arabystanynda «Haj—2026» möwsümini geçirmegiň täze düzgünleri güýje girdi. Hökümet tarapyndan tassyklanan täze düzgünlere görä, 13-nji aprelden başlap, Mekge şäherine girmäge diňe ýörite ygtyýarnamasy......

20.03.2026 11:19
11k+

Saud Arabystanynda Dünýä çempionaty — 2034 üçin ägirt stadionyň gurluşygy görkezildi

Saud Arabystanynda Kiddiýadaky şazada Muhammet bin Salmanyň köpugurly stadionynyň gurluşygyndan täze suratlar hödürlendi. Bu stadion 2034-nji ýylda geçiriljek futbol boýunça dünýä çempionatynyň esasy meýdançalarynyň biri hökmünde görülýär...

10.03.2026 13:50
9k+

Dubaý, Jidda we Abu-Dabi şäherlerine gatnawlar aprele çenli ýatyryldy

Eýran Yslam Respublikasynyň howa giňişligindäki çäklendirmeler sebäpli, uçuşlaryň howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen «Türkmenistan» awiakompaniýasy 2026-njy ýylyň 9-njy martyndan 1-nji apreline çenli aşakdaky...

20.02.2026 11:25
2.5k+

Saud Arabystanynyň Humain kompaniýasy Maskyň xAI-na $3 mlrd maýa goýýar

Saud Arabystanynyň emeli aň pudagynda ýöriteleşen Humain kompaniýasy Ilon Maskyň xAI startapyna 3 milliard dollar maýa goýdy.  Bu maýa goýumy xAI-iň SpaceX tarapyndan satyn alynmagyndan az wagt öň tamamlanan 20 milliard dollarlyk maliýeleşdiriş tapgyrynyň çäginde durmuşa geçdi...