Android 16-nyň ilkinji köpçülikleýin beta wersiýasy çykdy

  • 26.01.2025 15:53
  • 1.8k+

Google kompaniýasy Android 16 operasion ulgamynyň (OS) ilkinji köpçülikleýin beta wersiýasyny çykardy. Bu wersiýa synag maksatnamasyna gatnaşyjylara elýeterlidir. Öndürijiler operasion ulgama täze duýduryşlar synpyny we birnäçe uly bolmadyk täze üýtgeşmeleri girizdiler diýip, The Verge neşiri habar berýär.

Android 16 OS-na «dowam edýän» wakalaryň ýagdaýyny yzarlamak üçin niýetlenen Live Updates atly täze duýduryşlar synpy girizildi. Bu aýratynlyk 2022-nji ýylda iOS operasion ulgamynda peýda bolan Live Activities duýduryşlaryna meňzeýär. Live Updates duýduryşlary şol wagtda täzelenýär. Mysal üçin, kafeden edilen sargydyň nireden gelýändigi baradaky edil şol wagtky maglumaty programma girmezden görmäge mümkinçilik berýär.
Android 16 OS-na girizilen ýene bir möhüm täzelik, öndürijilere programmalaryň penjireleriniň ululygyny we ugruny çäklendirmek mümkinçiliginiň «çäklendirilmegidir». Ýönekeýleşdirip aýtsak, Android 16 bilen işlejek uly ekranly enjamlar, meselem, planşetler islendik programmany doly ekranda açmagy başarar. Bu hatda programmalary işläp düzüjiler, penjire ululygyny we ugruny çäklendirýän düzgünleri bellän bolsalar hem degişli bolar.
Ýokary hilli wideolary ýazga almak we redaktirlemek üçin niýetlenen Advanced Professional Video kodek goldawynyň hem täze operasion ulgama girizilendigi hem bellenip geçilýär.
Şeýle hem Google kompaniýasy Gemini atly emeli aň kömekçisi üçin täze funksiýalaryň üstünde işleýändigini mälim etdi. Häzirki wagtda bu kömekçi diňe kompaniýanyň öz programmalary, käbir Samsung programmalary we Spotify hem-de WhatsApp ýaly programmalar bilen özara işleşýär.
Android 16 OS-nyň beta wersiýasy Pixel 6 we ondan soňky Google Pixel smartfonlaryna gurnamak üçin elýeterlidir.
Android 16 OS-nyň durnukly wersiýasynyň şu ýylyň ikinji çärýeginde çykmagyna garaşylýar.


11.06.2026 14:00
2.7k+

Google ulanyjylary Chrome-y gyssagly täzelemäge çagyrýar

Google kompaniýasy Chrome brauzerinde howply gowşaklygy tapdy we ulanyjylara iň soňky howpsuzlyk täzelenmesini mümkin boldugyça gyssagly gurnamagy maslahat berýär. Bu 2026-njy ýylyň başyndan bäri ýüze......

04.06.2026 11:54
2k+

Duolingo ulanyjylara iň uzak okuw seriýasyny yzyna gaýtarmaga rugsat berdi

Daşary ýurt dillerini öwrenmek üçin niýetlenen "Duolingo" hyzmaty ulanyjylara ýitiren iň uzyn gündelik okuw seriýasyny dikeltmäge mümkinçilik berýän ýörite aksiýany ýola goýdy. Bu başlangyç köp günlük okuw......

03.06.2026 18:12
6.8k+

Google çybynlaryň sanyny azaltmak üçin tebigata 32 million çybyn goýberer

Google kompaniýasy çybynlar arkaly ýaýraýan kesellere garşy göreşmek maksady bilen, Kaliforniýada we Floridada ýörite işlenilen 32 milliona çenli çybyny tebigata goýbermegi göz öňünde tutýan taslamany durmuşa......

05.05.2026 15:24
989

Instagram-y döredijiler pursatlary paýlaşmak üçin täze goşundy döretdiler

Instagram-a we Facebook-a eýelik edýän Meta kompaniýasy diňe bir gezeklik görlüp, soň bolsa öçýän suratlar arkaly habarlaşmak üçin niýetlenen täze Instants goşundysyny tanyşdyrdy....