Microsoft 2025-nji ýylyň birinji ýarymynda çykjak oýunlary bilen tanyşdyrdy

  • 26.01.2025 15:25
  • 2k+

Microsoft korporasiýasy Xbox Developer Direct 2025 çäresinde, şu ýylyň birinji ýarymynda çykjak oýunlar bilen has ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik berdi diýip, The Verge habar berýär.

Xbox, çärede tanyşdyrylan oýunlaryň ählisiniň ýakyn wagtda Xbox Game Pass-e geljekdigini mälim etdi.
Ynha, Microsoft-yň «Xbox & Bethesda Developer Direct January 2025» çäresinde tanyşdyran ähli oýunlary:

Ninja Gaiden 4:
Eger Platinum Games studiýasynyň soňky döwürde nämäniň üstünde işländigini bilesiňiz gelýän bolsa, ynha jogaby. Team Ninja bilen bilelikde işlenip düzülen Ninja Gaiden 4 oýnunyň şu ýylyň güýz möwsüminde Xbox Series X/S, PC we PS5 we Game Pass platformalaryna gelmegine garaşylýar.

Ninja Gaiden 2 Black:
Şeýle-de Team Ninja, meşhur Ninja Gaiden 2 oýnunyň täzelenen görnüşini hödürledi. Ilkinji gezek 2008-nji ýylda çykarylan Ninja Gaiden Black oýny, Unreal Engine 5 oýun motor arkaly gaýtadan işlenip düzüldi. Oýun şu günden başlap konsollarda, PC-de we Game Pass-da elýeterlidir.

South of Midnight:
Compulsion Games studiýasy tarapyndan işlenip düzülen South of Midnight oýnundan geýmpleý görkezildi. Köpleri gyzyklandyrýan oýun 8-nji aprelde Xbox Series X/S we PC platformalary üçin elýeterli bolar.

Clair Obscur: Expedition 33:
Sandfall Interactive tarapyndan işlenip düzülen bu basgançaklaýyn RPG oýnunda, XIX asyryň ahyryndaky Belle Époque döwrüniň täsin Fransiýasy barada gürrüň berilýär. Clair Obscur: Expedition 33 oýny 24-nji aprelde Xbox Series X/S, PS5, PC we Game Pass platformalary üçin elýeterli bolar.

Doom: The Dark Ages:
Id Software studiýasy ýa-da Doom: The Dark Ages barada uzak wagtdan bäri ses-seda ýokdy, emma indi olar has güýçli ýagdaýda yzyna dolanyp gelýärler. Id Software studiýasy täze oýnuny «häzirki wagta çenli iň jedelli» oýunlaryň biri diýip atlandyrýar. Doom: The Dark Ages 15-nji maýda Xbox Series X/S, PS5, PC we Game Pass platformalary üçin elýeterli bolar.


14.02.2026 19:03
1.1k+

Windows 11-e wezipeler paneliniň (Taskbar) ýerini üýtgedip bolmak mümkinçiligi gaýtaryldy

Microsoft kompaniýasy Windows 11 ulanyjylarynyň iň köp soraýan aýratynlyklarynyň birini — wezipeler panelini ekranda erkin ýerleşdirmek mümkinçiligini yzyna gaýtarýar. Bu aýratynlyk Windows 95-den bäri bar bolsa-da, Windows 11-iň ilkinji wersiýalarynda diňe ekranyň aşagynda berkidilipdi...

09.02.2026 15:19
1.5k+

Windows 11 printerleriň köne modellerini goldamagyny bes etdi

​Ýanwar aýynda Microsoft kompaniýasy Windows 11 üçin täzelenme çykardy. Bu täzelenme bilen printerleriň könelen V3 we V4 wersiýaly draýwerleriniň goldawy bes edildi. Täzelenme tapgyrma-tapgyr ýaýradylýar we wagtyň geçmegi bilen ähli goldanylýan kompýuterlere gurlar...

08.02.2026 21:15
889

Windows-yň täze wersiýasynda Copilot çat-boty gurnama işleri tamamlanmanka peýda bolýar

Copilot emeli aň ulgamy indi Windows-a şeýle bir çuňňur ornaşdyryldy welin, hatda operasion ulgamy gurnamak prosesi (OOBE) doly tamamlanmanka-da çat-bot bilen söhbetdeş bolup bolýar. Bu gyzykly aýratynlyga inžener Rafael Riwera üns berdi we Windows-y täzeden gurnamak wagtynda alan ekran suratlaryny paýlaşdy...

06.02.2026 11:51
1k+

Nvidia Windows 11-iň soňky täzelenmesini öçürmegi maslahat berýär: ol wideokartalaryň işinde bökdençliklere sebäp boldy

Nvidia kompaniýasy GeForce wideokartalaryny ulanýanlara grafiki kemçilikleriň we programmalaryň durnuksyz işlemegi sebäpli Windows 11-iň iň soňky täzelemesini aýyrmagy maslahat berdi. ​Öndüriji KB5074109 belgili täzelemäniň gurnalmagyny oýunçylaryň ekranda dürli şekil bozulmalarynyň peýda bolmagy baradaky köp sanly şikaýatlary bilen baglanyşdyrýar...